8-nji mart – Halkara zenanlar güni
05-03-26
Bahar pasly gülleriň müşk ysynyň burk urýan, tebigatyň durkudyr howasy bilen täzelenýän döwridir. Bu paslyň ilkinji günlerinde, ýagny, 8-nji martda Halkara zenanlar güni dünýä ýüzünde giňden bellenilýär.
Halkara zenanlar gününi her ýyl baýram etmek baradaky karar 1910-njy ýylda aýallaryň Kopengagende geçen 2-nji Halkara Konferensiýasynda kabul edilýär. Soňra bu gün ähli amerikan zenanlary üçin baýramçylyga öwrülýär. 1975-nji ýylyň mart aýyndan bäri BMG-de “Halkara aýallar güni” bellenilip geçilýär. Zenanlaryň we gelin-gyzlaryň hormatyna bagyşlanan bu baýramçylyk Ýaponiýada “Gyzlaryň baýramy” ady bilen bellenilýär.
Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymmatly ýörelgesidir. Gyz-gelinleriň haýalylygy, sabyr-takatlylygy, edasy iliň genji-hazynasydyr diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Gelin-gyz gözelligi diýlen düşünjede-de ruhy gözelligi-de, keşbiň, egin-eşigiň, edebiň, gylyk-häsiýetiň gözelligini-de öz içine alýar. Sözüň hakyky manysynda gözel bolmak üçin diňe keşbiň gözelligi ýeterlik bolman, eýsem, tutuş ynsanlyk durkuň gözel bolmagy gerekdir. Muny bolsa, dürli döwürlerde türkmen topragyna syýahat eden alymlaryň, etnograflaryň türkmen gelin-gyzlarynyň ýüz keşpleriniň tebigy owadanlygynda, geýinmek medeniýetiniň has hem millilikdiginde gürrüň bermeklerinde aýdyňlygy bilen görmek bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 8-nji mart Halkara zenanlar güni giňden bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň gülläp ösmeginde zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň gelin-gyzlaryna pul sowgadyny bermek hakynda buýruga gol çekdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe berekediň hem bolçulygyň gujagynda ýaşaýan ata Watanymyzyuň goýnunda geçirilýän her bir çärede, maslahatda ajaýyp zamanamyzda ýaşaýan gelin-gyzlarymyzyň türkmeniň asyrlardan gelýän däp-dessurlaryna eýerip, milliligimizi, ahlaklylygymyzy, edep-ekramlylygy goramakda yzygiderlilikde işler alnyp barylýandygy dogrusynda buýsanç bilen bellenilýär. Mahlasy, bagtyýar zamanamyza aýdym bolup gelýän arzyly günleriň gujagynda ýaşamak we işlemek, döretmek we gurmak biz üçin uly bagtdyr. Bu bagtdan paýly bolan her bir raýat üçin bolsa, taryhy işlere gatnaşmak mertebe hem beýik derejedir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şeýle buýsanjyň eýeleri bolan türkmen ýaşlarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlary çäksizdir.
Zenan mertligi barada döredilen eserler, birnäçe taryhy şahslar bu günki günde gaýtalanmaýan görelde alarlyk beýik nusgalardyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gelin-gyzlarymyz ene-mamalarymyzyň biziň döwrümize çenli ýetiren iň gadymy nusgalaryny bu günki günde has-da kämilleşdirip, has gözel nusgalary döredip bilýärler. Gaýtalanmajak milli sungaty, deňi-taýy bolmadyk milli gymmatlyklary, haly we haly önümlerini, beýleki el işlerini öz aýratynlyklary bilen amal etmekde irginsiz zähmetini gaýgyrmadyk ene-mamalarymyz durmuşda ýaşaýşyň lezzetini diňe gözel keşplere siňdirip bilipdirler.
Milli gylyk-häsiýetleri özinde jemleýän, Watana, il-güne, maşgala ojagyna wepaly, zähmetsöýer, mähir-muhabbetini, söýgisini nesil terbiýesine bagyş edýän güler ýüzli, mylaýym sözli zenanlarymyz, mylakatly, dilleri senaly enelermiz, bahar gülleri ýaly owadan gyzlarymyz ajaýyp baýramyňyz gutly bolsun!
Goý, dünýäniň görki, Zeminiň durky bolan eneleri hormatlap, giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Gunça NEPESOWA,
Asgabat säherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň iňlis dili mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.