Ýaşlar — ýurduň daýanjy
04-03-22
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde: «Men bütin ömrümiň manysyny eziz Watanymyza, mähriban halkymyza hyzmat etmekde görýärin» diýip belläpdi. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyz özüniň gelen aýgytly kararyny mejlisde orta atyp, indi döwleti dolandyrmagyň ýaşlaryň gerdenine düşse has maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň bu sözleri mejlisde biragyzdan goldaw tapdy.
Ýurdumyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesillerimiz hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň düýp özeninde durýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bilim we terbiýe ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, bu ugurda ýetilen sepgitler has-da guwandyryjydyr. Şunda berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyk guramak esasy orunda durýar.
Bilim ulgamynyň döwrebap mazmuny adamzat ýaşaýşynyň aň-düşünjesini häzirki zamanyň ösen talaplaryna kybapdaş dowam etdirmekdir, onuň geçmiş mirasyny we häzirki gazananlaryny dolulygy bilen geljekki nesillere ýetirmekdir. Şoňa görä, kämil nesli kemala getirmek bilim ulgamynyň öňünde durýan döwlet derejesindäki baş aladalaryň biri hökmünde öňe çykýar. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamy kämilleşdirmek hakyndaky Permanlarydyr Kararlarynyň, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi düýpli bilim özgertmelerini durmuşa geçirmäge şert döredýär. Şeýle hem bu işler ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürjek giň gözýetimli, döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk ýokary derejede pikirlenýän ökde hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Şeýlelikde, ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi bilim ulgamynyň işgärleriniň ýokary hil netijelerini gazanmaklaryna giň ýol açdy.
Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerinde ýaşlarymyza hünär bilimlerini bermegiň giň mümkinçilikleri bar. Şoňa laýyklykda, biziň institutymyzyň talyplaryna hem oňat hilli hünär bilimini bermek bilen bir hatarda, terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şeýlelikde, ýaşlar baradaky aladalar öz oňyn netijesini berýär. Ösüşiň täze tapgyryny başdan geçirýän döwletimizde ýaş hünärmenleriň ýokary sowatlylygyny gazanmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Ýatlap geçsek, ýaşlaryň ýurdumyzyň ähli pudaklarynda öz ukypbaşarnyklaryny ýüze çykarmagy üçin hormatly Prezidentimiz ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap uly aladalar edipdi. Ylym-bilim pudagyna girizilen täzelikler muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Ýaş nesillerimiz hakynda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Eziz HUDAÝBERGENOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.