GAHRYMANLARA BAKY ŞÖHRAT!

24-04-25

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyzyň medeniýetine, edim-gylymyna, däp-dessuryna, milli mirasyna uly üns berilýär. Gadymy medeniýetimiziň maddy hem-de ruhy miraslaryna, ata-babalarymyzyň Watan üçin görkezen edermenliklerine uly hormat goýlup, olaryň sarpasy belentden tutulýar.

80 ýyl mundan ozal 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişde biziň watandaşlarymyzyň orny uludyr. Halkymyzyň uludan kiçä ähli raýaty Watan üçin eline ýarag alyp, tylda zähmet çekip ganym duşmanyň garşysyna söweşdi. Ýylyň ähli paslynda sowuk diýmän, yssy diýmän mertlerçe söweşip, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler. Olaryň hemmesi Watanyň milli gahrymanlary adyna mynasyp boldular. Şol gazaply urşuň tamamlananyna ençeme ýyllar geçse-de, onuň ýüreklere salan ýarasy henizem bitenok. Watanyň azatlygy ugrunda edermenligiň belent nusgasyny görkezen gerçekler häzirki ýaş nesillerimiz üçin watansöýüjiligiň belent mekdebi bolup durýarlar.

Urşuň yzynda galan enelerimiziň, esasan hem durmuş toýuny tutanlaryna bir aý geçmänkä, ýanýoldaşlaryny urşa ugradyp, ömrüni ýalňyzlykda, söwer ýaryna garaşyp, zähmet çekip gününi geçiren perişde ýaly ak saçly enelerimiziň gürrüňlerini diňläniňde olara bolan buýsanjyň, hormatyň artýar. Türkmen eneleri uly mertlik görkezdiler. Ýanýoldaşlaryny  fronta ugradyp, uruş ýyllarynyň kynçylyklaryny görüp, käte erkek adamlary-da aljyradýan ýüki gerdenlerinde çekip ejizlemändirler. Şeýdip olar mähriban ojagyny gorapdyrlar. Olar wepalylygyň beýik nusgasydyrlar. Gazaply urşuň ýeňiş bilen tamamlanjakdygyna bolsa berk ynanypdyrlar. Başgaça bolmagy mümkin hem däldi. Sebäbi Watan diýip, döş gerip söweşe ugran ezizleriniň gara başlaryny aýamajakdyklaryny, ýeňişsiz yzlaryna dolanmajakdyklaryny bilýärdiler. Şol  ynam olara güýç-kuwwat berýärdi. Olar tapdan düşseler-de, ruhdan düşmändiler.

Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watan üçin şol kyn günlerde mertlerçe duran merdanalarymyzyň hatyrasy has belentdir. Hormatly Prezidentimiz 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň edermenliklerine uly hormat-sarpa goýmak bilen, olara döwlet tarapyndan durmuş ýeňillikleriniň üpjün edilmegi barada yzygiderli alada edýär. Muňa uruş weteranlaryna jemgyýetçiligiň ähli ugurlarynda birnäçe ýeňillikleriň döredilendigi, her ýyl pensiýa haklarynyň köpeldilmegi, Ýeňiş güni mynasybetli gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy aýdyň subutnamadyr.

Biziň muzeýlerimizde, kitaphanalarymyzda uruş weteranlarymyzyň, ýagny Watan üçin söweşip wepat bolup, ýat ülkelerde galan gerçeklerimiziň atlary ýazylan “Şöhrat” we “Hatyra” atly kitaplarda olaryň geçen şöhratly, gahrymançylykly ýollary beýan edilýär. Bu ebedilik watansöýüjiligiň beýik nusgalary bolan gerçeklerimiziň mertebesini has-da belende galdyrýar.

Adamzat nesliniň ajaýyp durmuşda ýaşamagy üçin döş gerip, gahrymanlarça söweşen merdana weteranlarymyzyň hem-de şol ýyllaryň ähli kynçylyklaryna döz gelip, tylda galyp, jan aýaman zähmet çeken ildeşlerimiziň edermenligine bu günki gün hormat-sarpa goýulýar. Türkmen halkymyz gahrymanlarça söweşip Watan üçin janyny orta goýan gerçeklerini hiç haçan unutmaýar. Gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezip, ajaýyp, asuda durmuş üçin söweşen weteranlarymyz baky diridirler. Ýeňiş gününde gahrymanlaryň hatyrasyna “Baky ot” ýadygärligine gül desselerini goýmak, olaryň ruhlaryny şat edip sadaka bermek biziň perzentlik borjumyzdyr.

Şeýle ajaýyp zamanany halkymyza peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.