Geňeşli salamat bolar

20-09-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly wakalary taryhyň gatlaryndan mynasyp orun alyp, ýurdumyzyň ynamly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär. Pederlerimiziň döwletlilik ýörelgelerinden ugur alnyp, il sylagly ýaşulularyň, dilleri senaly enelerimiziň, milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjylarynyň, röwşen geljegimiz bolan ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilýän Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, birek-birege hormat-sarpasynyň ýokarydygynyň nyşanydyr. Jemgyýetçilik-syýasy, ruhy ýokary göteriliş ýagdaýynda geçýän Halk Maslahaty halkymyzyň “Geňeşli don gysga bolmaz”, “Geňeşli salamat bolar” diýen nakyllaryndan ugur alýar.

Bir supranyň başynda jemlenip, maslahat etmek, birek-birege sala salmak il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleriň agzybirlik bilen çözülmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Döwlet-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan ýaşuly nesliň işi, durmuşy ýaş nesil üçin halallygyň, watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň mekdebidir. Ýokary wekilçilikli edara hökmünde Halk Maslahaty agzybirligi, abadançylygy, Garaşsyz döwletiň ykdysady, syýasy kuwwatyny artdyrmakda ägirt uly güýçdür. Ol güýç ýaşuly nesliň göreldesiniň, tejribesiniň ýaşlara geçmegi bilen, Garaşsyzlygyň 33 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda buýsanjymyza buýsanç goşýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwletli işleriň gözbaşy bolup durýar, türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň, ajaýyp şu gününiň, röwşen geljeginiň sazlaşygyny üpjün edýär. Bu döwletli işler ähli ildeşlerimizde buýsanç döredýär. Munuň özi wekilçilikli edaranyň işine jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň, aýratyn-da, ýaşlaryň gatnaşmagy il-ýurt bähbitli çözgütleri kabul etmekde wajyp ähmiýete eýe bolýar. Bu bolsa ýurdumyzda giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy. Eziz Diýarymyzda — ýokary depginler bilen durnukly ösýän ykdysadyýetli häzirki zaman döwletinde ýaşamak, halal zähmet çekmek döwletlilikden alamatdyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi jemgyýetiň we döwletiň ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň kanunçylyk binýady berkidilýär. Bu işleriň ählisi kuwwatly döwletimiziň kanunçylyk binýadyny has-da pugtalandyrmaga, döwlet we häkimiýet edaralarynyň işini kämilleşdirmäge ýardam edýär. Bilşimiz ýaly, döwür ösýär we kämilleşýär. Bu ugurda jemgyýetiň ösüşini üpjün etmekde möhüm işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ähli ildeşlerimizde buýsanç döredip, beýik işlere goşant goşmaga ruhlandyrýar.

Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda taryhy ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Bu beýik işleri, ýetilýän belent sepgitleri halk arasynda wagyz edýäris. Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Gülşirin ÇARYGULYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy. 

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.