Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

09-05-24

Eziz halkym!
Hormatly uruş weteranlary!

Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 1941 — 1945-nji ýyllar dünýä taryhynyň iň gazaply we hasratly döwri bolup, basybalyjylykly, talaňçylykly uruş millionlarça adamy pida etdi, öwezini dolup bolmajak ýitgilere getirdi, ýüreklere öçmejek ýaralary saldy. 1418 güne çeken bu gazaply urşuň ilkinji günlerinde biziň watandaşlarymyzyň müňlerçesi fronta meýletin gidip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde jebisleşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler hem-de orden-medallar bilen sylaglandylar. Gazaply söweş meýdanlarynda wepat bolan we Ýeňiş bilen öýlerine dolanan türkmenistanly esgerleriň atlary «Hatyra», «Şöhrat» atly köp jiltli neşirlere girizildi.

Bu pajygaly döwürde ýurdumyzyň ilaty Ýeňşe bolan beýik ynamy bilen gije-gündiz janaýamazakly zähmet çekip, bol bugdaý we pagta hasyllaryny ýygnadylar. Ýüreklere öçmejek ýara salan ýalynly uruş ýyllarynda müňýyllyklardan gözbaş alýan adamkärçilik, ynsanperwerlik ýörelgelerimize eýerilip, altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramy Goranmak gaznasyna meýletinlik bilen tabşyryldy. Gelin-gyzlarymyz tarapyndan «Türkmeniň kalby» atly ägirt uly haly dokalyp, türkmen halkynyň parahat we asuda durmuşa bolan meýilleri tutuş dünýä ýaýyldy. Merdana pederlerimiziň söweşjeň edermenligi, gaýduwsyzlygy hakyndaky şöhratly ýatlamalar, ildeşlerimiziň zähmet üstünlikleri Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ebedi ýazyldy.

Biz Ýer ýüzünde parahatçylygy, nesilleriň asuda, bagtyýar geljegini gorap, ölmez-ýitmez şöhrat gazanan merdana gerçeklerimize hem-de gaýduwsyz pederlerimize, tutanýerli zähmeti bilen Beýik Ýeňşiň gazanylmagynda ägirt uly işleri bitiren watandaşlarymyza çäksiz guwanýarys.

Eziz halkym!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgalyk durmuş mekdebini geçen ýaşuly nesillerimiziň — külli adamzadyň azatlygy we erkinligi ugrunda göreşe çykan, gije-gündiz zähmet çekip, şanly Ýeňşi ýakynlaşdyran edermen watandaşlarymyzyň mertebesini belent tutýarys. Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Aşgabat şäherinde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna, ähli şäherlerimizdir obalarymyzda söweşjeň şöhratyň we umumymilli hakydanyň mukaddes ýerlerine öwrülen ýadygärliklere ter gül desselerini goýup, olaryň ýagty ýadygärligini ebedileşdirýäris. Ýeňiş güni mynasybetli tutuş ýurdumyzy gurşap alýan aýdym-sazly medeni-jemgyýetçilik çärelerini geçirýäris, uruş weteranlarymyza baýramçylyk sowgatlaryny dabaraly gowşurýarys. Bularyň ählisi biziň 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda erkinlik we azatlyk ugrundaky söweşlerde wepat bolan gahrymanlarymyza, ýowuz synaglardan abraý bilen geçip, Watana, halka, adamzada ak ýürekden hyzmat etmegiň görelde mekdebine öwrülen watandaşlarymyza çuňňur hoşallygymyzyň, çäksiz sarpamyzyň aýdyň beýanydyr.

Eziz watandaşlar!

Özygtyýarly Watanymyzda parahatçylyk we abadançylyk rowaçlanýar, milli ykdysadyýetimiz depginli ösýär. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämizden ugur alyp, döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň — ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işlerimizi üstünlikli amala aşyrýarys. Pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen jemgyýetimiziň agzybirligini pugtalandyrmaga, ýaş nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan uruş weteranlarymyzyň, aksakgal ýaşulularymyzyň, kümüş saçly enelerimiziň hal-ahwaly hem-de saglygy bilen yzygiderli gyzyklanyp, köp sanly durmuş ýeňilliklerini döredýäris. Eziz Watanymyzy söýmegi we oňa wepaly bolmagy, ata-babalarymyzyň dostluga, hoşniýetlilige, ynsanperwerlige ýugrulan ýörelgelerini, milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirmegi ündeýän ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr.

Dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasatymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyny üpjün edýär. Biz dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek ugrunda çykyş edip, ählumumy meseleleriň oňyn çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýarys. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi biziň müňýyllyklardan gözbaş alýan parahatçylyk, dostluk hem-de ynanyşmak ýörelgelerimizi Ýer ýüzüne giňden dabaralandyrýan we ylalaşdyryjy merkez hökmünde döwletimiziň şöhratyny dünýä doldurýan buýsançly wakadyr.

Mähriban halkym!
Hormatly uruş weteranlary!

Sizi Ýer ýüzünde adamzadyň beýik gymmatlyklary bolan parahatçylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrýan sene — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

16a59b0064e435.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlandy

16-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gruziýa ugrady. Döwlet Baştutanymyz Tbilisi şäherine ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.


16a585a4fca17f.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi

15-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajyp meselelerine garaldy.


16a5706f0d7447.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saýidowy kabul etdi.


16a547528a8832.jpeg
Durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjiliki syýasaty, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde dünýä ýurtlary bilen netijeli dialogy ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýdyň görkezdi. Bu bolsa syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklaryň giňeldilmegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam edýär.


16a54720b03fcc.jpeg
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

10-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.