Döwlet nyşanlarymyzyň mukaddesligi
14-05-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe goşa-goşadan gelýän toý-baýramlaryň seresi bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni türkmen halkynyň goşa mukaddesliginiň alamaty hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär.
Döwlet nyşanlary Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň, milletiň beýikliginiň, bakylygynyň alamatydyr. Döwlet nyşanlarymyzda milletimiziň ruhy ahlak ýörelgeleri, döwletimiziň ýöredýän hoşniýetli goňşuçylyk, hemişelik Bitaraplyk, ynsanperwerlik, dostanalyk syýasaty jemlenendir. Hut şonuň üçin hem döwlet nyşanlary bolan Tugumyz milli gymmatlyklarymyzyň hatarynda sarpalanýar.
Türkmenistan Watanymyzyň iň ýokary kadalaşdyryjy hukuknamasy bolan Esasy Kanunymyz bolsa döwletimiziň syýasy-hukuk binýady bolup durýar. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny milli däp-dessurlarymyzy, dünýäniň demokratik tejribesini şeýle-de halkara guramalarynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerini özünde jemleýär.
Ýurdumyzda parahatçylygy, abadançylygy, milli jebisligi, şeýle hem agzybirligi dabaralandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we halkyň milli özboluşlylygyny, ruhy ýörelgeleriniň esaslaryny hem-de Watan hakyndaky mukaddes düşünjelerini kesgitleýän gymmatlyk bolan ýaşyl Baýdagymyzyň baýramçylyk dabaralarynyň bilelikde bellenilmegi täze many-mazmuna eýe bolýar.
Ýaşyl Baýdagymyzda ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, agzybirlik ýaly milli aýratynlyklarymyz öz aýdyň beýanyny tapandyr. Onda döwlet berkararlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz, asudalygymyz, erkinligimiz ýaly milli alamatlarymyz jemlenendir.
Döwlet nyşanlarymyzyň mukaddesligi, milletiň we döwletiň ykbalyndaky orny baradaky kadalaryň ýurdumyzyň Esasy Kanunynda öz beýanyny tapmagy, ýurdumyzda döwlet nyşanlaryna goýulýan belent sarpanyň konstitusion girewidir.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň — bu iki mukaddeslikleriň şanly baýramy täze taryhy eýýamyň ösüşlerine özboluşly ruhy goldaw we badalga berýär. Türkmen halkyna eşretli zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk we uzak ömür arzuw edýäris!
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Şöhrat BERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.