Demirýolçularyň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň redaksiýasy döredijilik bäsleşigini yglan edýärler
22-05-24
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Demirýolçularynyň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň redaksiýasy Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen Ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleriniň publisistik makalalaryny, hekaýalaryny çap etmegi nazarda tutup, «Magtymguly Pyragy — ak ýollaryň çyragy» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýärler:
BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNNAMASY:
I. Umumy düzgünler
1. Bäsleşigiň maksady Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli edebi mirasynyň ähmiýetini çeper sözüň üsti bilen beýan etmekden ybarat.
2. Bäsleşige hödürlenilýän işlerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dana akyldaryň eserlerini dünýä ýaýmakda amal edýän işleri, beýik Pyragynyň eserlerinde milli ýol-ýörelgelerimiziň şöhlelenilişi, gadymy Ýüpek ýolunyň yzlary we häzirki bagtyýar zamanamyzda ulag ulgamyndaky ýetilen sepgitler, üstünlikler wasp edilmelidir.
3. Bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan ulag we kommunikasiýa ulgamynyň ähli işgärleri gatnaşyp bilerler.
II. Bäsleşigiň şertleri
Bäsleşik üç ugur boýunça geçirilýär:
— iň gowy makalalar;
— iň gowy hekaýalar we rowaýatlar;
— iň gowy goşgular.
Bäsleşige hödürlenilýän makalalar, hekaýalar we rowaýatlar, goşgular döredijilik işlerine bildirilýän talaplara laýyk gelmelidir, çeperçilik, many-mazmun taýdan ýokary derejede bolmalydyr.
Bäsleşige ozal metbugatda çap edilmedik döredijilik işleri hödürlenmelidir.
Bäsleşige hödürlenilýän işler iberilende çap edilen hem-de elektron göterijide bolmalydyr. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän işgäri familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, doglan senesini, wezipesini, ylmy derejesini, iş we öý salgysyny hem-de telefon belgisini görkezmelidir we döredijiligini «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň redaksiýasyna gowşurmalydyr.
III. Bäsleşigi geçirmegiň we onuň jemini jemlemegiň tertibi
Bäsleşige hödürlenilen işler döredijilik işgärlerinden düzülen ýörite topar tarapyndan seljeriler. Eserleriň has tapawutlananlary «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetinde çap ediler.
Bäsleşigiň jemi şu ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzda bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag gününe gabatlanyp jemlener we ýeňijilere baýramçylyga bagyşlanyp geçiriljek döwlet çäresinde sylaglar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Bäsleşigiň ýeňijileri baş baýrak, I, II we III orunlara mynasyp bolanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlary bilen sylaglanarlar.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 38-41-86; 39-04-75.
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar
2026-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň (HTB) Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatynyň (PP-26) açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklary serhet geçelgeleriniň geçirijiligini artdyrmagy maslahatlaşdy
Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklary iki ýurduň arasynda halkara awtomobil gatnawlaryny mundan beýläk-de çaltlandyrmak hem-de “Farap” we “Alat” serhet geçelgeleriniň geçirijilik mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komiteti anna güni habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
7-nji noýabrda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren umumymilli çäre halal zähmetiň joşguny we belent ruha beslenen aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşyklylykda dowam etdi.
Özbek telekeçileri Türkmenbaşy portunyň logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdylar
Özbek telekeçileri Türkmenistana amala aşyran işewürlik saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy halkara deňiz portuna baryp, onuň infrastrukturasy, ýük geçirijilik mümkinçilikleri hem-de eksport-import ýüklerine hyzmat etmek üçin döredilen şertleriň ýagdaýy bilen tanyşdylar. Bu barada Özbegistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
8-nji noýabrda ýurdumyzda türkmen topragynyň berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän Garagum derýasynyň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.