ÝAŞULULARYŇ GÖRELDESI— ÝAŞLARA ÝÖRELGE
15-09-24
Ýaşlyk — ömrüň iň bir arzyly döwri. Onda hyjuw bar, joşgun bar, ylham bar. Ynsan ömrüniň dowamlylygyny möwsümler bilen ölçesek, ýaşlyk onuň bahar paslydyr. Ýaşlyk ömür daragtynyň gül açan çagydyr. Ýaşlar diýen düşünje gönüden-göni bilim düşünjesi bilen utgaşýar. Häzirki wagtda ruhubelent, ýokary ahlakly we bilimli ýaş nesli kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň anyk kesgitlän döwlet ösüşiniň strategik wezipeleriniň biridir. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de durnukly we hemmetaraplaýyn ösdürmekde hem-de onuň dünýä giňişliginde eýeleýän öňdebaryjy ornuny pugtalandyrmakda döwletimiz hem halkymyz ýaşlara bil baglaýar.
Ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus bolan ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak hem-de höweslendirmek milli maksatnamalaryň esasy ugurlarydyr. Ýokary derejede geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine ýurdumyzyň ähli ýaşdaky wekilleri gatnaşdylar. Olaryň içinde döwlet ýolbaşçylary, mekdep mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şol sanda talyp ýaşlar hem bar.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri — türkmeniň adyny älem-jahana tanatdy. Ata Watanymyzyň at-abraýy, mertebesi milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde täze belentliklere göterildi. Ynha, indi bolsa ýurdumyzyň täze ösüşleri, täze üstünlikleri — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowam edýär.
Halk Maslahatynyň dowamynda bu döwrüň hut Gahryman Arkadagymyzyň teklibi bilen atlandyrylmagy aýratyn mana eýedir. Çünki täze eýýamyň Galkynyşy has-da galkynmak, täzeden bat almak bilen manydaşdyr. Diýmek, eziz ýurdumyz özüniň ösüş ýolunda has-da batly gadamlara eýe bolar. Munuň şeýle boljakdygyny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideriniň taryhy çykyşynda görmek bolýar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuň manyly çykyşynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz: «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter», «Ulularyň göreldesi — nesillere ýörelge» ýaly halk pähimlerini mysal getirdi. Hakykatdan-da, halypaşägirtlik ýoly mukaddes ýoldur. Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň hem bu ýoly dowam etdirmegiň zerurdygyny, nesilleriň dowamatdowam bolmalydygyny belläp, ýaşlarymyzyň indi döwlet ýolbaşçysy wezipelerini ýöredip biljekdiklerini, bu babatda ýaşlarymyza özüniň baý tejribesine esaslanyp goldaw berjekdigini aýtmagy biz — ýaşlary diýseň buýsandyrdy.
Şeýlede Halk Maslahatynyň dowamynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Iň esasy bellemeli zadymyz hem, bu maksatnamanyň çäklerinde Garaşsyz Watanymyzda dördünji senagat rewolýusiýasyna geçmeklik doly suratda göz öňüne tutulýar. Maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginde ýaşlara uly ynam bildirilýändigi biziň egnimize has yhlasly okamak we işlemek bilen bagly jogapkärçiligi ýükleýär.
Biz — ýaşlaryň bagtyýar geljegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Şöhrat REJEPOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.