Bilimiň binýady — ýurduň kuwwaty

26-01-26

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň, şol sanda ylym we bilim ulgamynyň has-da kämilleşmegine, rowaçlanmagyna, onuň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegine giň ýol açyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan innowasion özgertmeleriň esasynda ylym-bilim ulgamynyň öňünde durýan maksatlara üstünlikli ýetilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, sanly bilim konsepsiýasyny üstünlikli ornaşdyrmak ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ata Watanymyzda ýaşlara dil öwretmekde uly işler edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada: “Diliň kämilligi ruhuň kämilligidir. Milletiň kämilligi bolsa biziň baş maksadymyzdyr” diýip belläp geçýär.

Bilim ulgamyna innowasiýalary we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, dünýä tejribesine hem-de ylmyň täze gazananlaryna esaslanylyp tassyklanan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” iş ýüzüne doly geçirmek boýunça-da uly işler alnyp barylýar.

Hakykatdan hem, her bir dil medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkyň medeni mirasynyň esasy açary hökmünde hyzmat edýär. Adamzat aragatnaşygyndaky möhüm hyzmaty ýerine ýetirýän dil baýlygy jemgyýetçilik aňyýetindäki öňdebaryjy pikirleriň, döredijilik işiň esasy guralydyr. Dil bilmek — bu halklaryň dostlukly, parahatçylykly gatnaşyklaryny berkitmekde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmekde, şahsyýetiň ruhy dünýäsini giňeltmekde ähmiýeti uludyr. Bir söz bilen aýdylanda dil bilmek dünýäniň ähli halklarynda uly mertebe, baýlyk hasap edilýär we ol islendik ýerde uly hormata, sylaga mynasyp bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” hem-de ony durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirmeli çäreleriň meýilnamasy uly many-mazmuna eýedir. Konsepsiýa laýyklykda, dil öwrenmek bilen baglanyşykly täzelikleri durmuşa ornaşdyrmak, bilimiň ähli basgançaklarynda bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň täze tapgyryny durmuşa geçirmek ýaly aýdyň maksatlar öňde durýar.

Dil bilmek zerurlygy göz öňünde tutulyp her ýylda ýurdumyzyň çäginde daşary ýurt dillerini bilýän mekdep okuwçylaryň, talyp ýaşlaryň arasynda dilleri öwrenmek we çuňlaşdyrmak boýunça yzygiderli medeni çäreleri, bäsleşikleri we maslahatlary geçirilip durulýar. Geçirilýän her bir çäre ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmeklerinde, dürli medeniýetler bilen tanyşmaklarynda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Biz hem geljekde ýaşlarymyzyň arasynda köpçülikleýin işleri geçirip, daşary ýurt dillerini has hem baýlaşdyrmakda özümiziň mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynanýarys.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Altyn ORAZGELDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuserçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.