Aziýanyň merjen şäheri
24-05-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem uly üstünliklere, rowaçlyklara beslenýär. Uly ösüşleri, özgerişleri başdan geçirýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň paýtagty hem barha gözelleşýär, gül açýar. «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň eýesi bolan milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň şäher gurluşygyny dünýä ülňülerine laýyk derejede ösdürmekde, paýtagtymyzy mundan beýläk hem belent sepgitlere ýetirmekde alyp barýan döwlet syýasatynyň netijeleri görenleri haýran edýär.
Ak şäherimiziň gözellik dünýäsi, milli öwüşginli ak mermer lybasy lowurdap duran türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbine özboluşly öwüşgin berýär. Günsaýyn özgerýän baş şäherimiziň dünýä nusgalyk keşbini ähli amatlyklary, her biriniň özboluşly gözelligi bolan ýaşaýyş jaýlary, ýaşlara bilim berýän orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, halkara ülňülerde gurulýan giň we häzirki zaman şaýollary, ak mermerli binalar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport toplumlary, medeni maksatly binalar, lukmançylyk merkezleri we birnäçe beýleki gözel desgalar bezeýär.
Soňky ýyllarda Ak şäherimizde döredilen suw çüwdürimleri, täze ekilen müňlerçe düýp baglary we ajaýyp gülleri bilen göwünleri galkyndyrýan seýilgähler, ýaşyl bossanlyklar muňa aýdyň mysaldyr.
Bu gün paýtagtymyz halkara derejeli duşuşyklaryň, ylmy maslahatlaryň, sergileriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Her ýyl dürli ugurlar boýunça halkara derejesinde geçirilýän maslahatlara, forumlara, sergilere dünýä döwletleriniň onlarçasynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Biziň döwletimiz özüniň daşary syýasatynda hemişe hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga daýanýar. Paýtagtymyzyň halkara syýasy işjeňlik derejesi biziň dost-doganlyk, parahatçylyk, asudalyk ýörelgämize şaýat bolýar.
Dünýä ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde tanalýan ak mermerli Aşgabadyň beýik binalary, ýaşaýyş jaý toplumlary, ajaýyp şaýollary, belent desgalary, gözel seýilgähleri türkmen halkynyň agzybirligini hem-de abadan durmuşyny, ata-babalarymyzyň şöhratly ýol-ýörelgelerine wepalylygyny, röwşen geljege tarap okgunly hereketini alamatlandyrýar. Dürli öwüşginli gülzarlyklar paýtagtymyzyň we onuň ýaşaýjylarynyň açyk kalbyny, myhmansöýerligini beýan edýär.
Aşgabat şäherine BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň yglan eden «Şäherdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we bag ekmek bilen bagly dabaralanýan syýasatymyzyň dünýä nusgalykdygyny ýene-de bir ýola äşgär edýär.
Eziz Diýarymyzda her ýylyň maý aýynyň 25-ine ak şäherimiz Aşgabadyň gününiň hem-de tutuş ýurdumyzda «soňky jaň» dabaralarynyň utgaşyp, üýtgeşik bir baýramçylyga öwrülmegi merjen paýtagtymyzyň ýylsaýyn juwanlaşyp, gözel keşbe girýändigini, ýaşlygyň, gözelligiň şäheridigini sözsüz subut edýär.
Goý, paýtagtymyz Aşgabat hemişe gözelligiň, ýagşy umytlaryň, ýagty maksatlaryň nusgasy bolsun! Ýurdumyzy belent özgertmeleri we döwletli tutumlary bilen ösüşleriň belentliklerine tarap alyp barýan hem-de Gündogaryň merjen şäheriniň binagärlik-gurluşyk keşbiniň has-da gözelleşmeginde aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Döwletmyrat ATAKAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.