HALY — TÖRÜMIZIŇ BEZEGI
29-04-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, ösdürmäge uly üns berilýär. Türkmen halysy milli gymmatlyklarymyzyň buýsançly dünýäsini bezeýän baýlygymyzdyr. Ençeme asyrlaryň dowamynda türkmen halky haly-palas dokamagyň, keçe etmegiň inçe syrlaryny, olaryň özboluşly tilsimlerini örän aýawly saklap, biziň şu günlerimize ýetirdi. Her bir haly-palas gölleriniň, keçeleriň täsin nagyşlarynyň dünýäsi bar.
Tebigat gözellikleri bolan gül-gunçalar bilen bäsleşýän haly-palaslaryň, keçeleriň nepislikde deňi-taýy ýokdur. Bu nepis sungat taryh sahypalarynda çeper elli gelin-gyzlarymyzyň ömür ýoly, ömür ykbaly bolup, durmuş menzillerine öwrülipdir. Türkmen zenanlary ähli döwürde-de el işlerini nusgalyk derejede sünnäläpdirler. El hünärini eneden gyza geçirip dowam etdiripdirler. Ýyllar geçdigiçe, olara täze-täze öwüşginler çaýylypdyr.
Haly-palas nagyşlary bilen birlikde, keçe nagyşlary hem bir-birinden owadan. Irki döwürlerde keçe salmagyň ugruny tapan ene-mamalarymyz oňa ilki-ilkiler ýönekeýje, ýagny «Emzik», «Äşe», «Gülýäýdy», «Çopanjyk»... ýaly nagyşlary salypdyrlar. Soň-soňlar öz başarjaňlygy bilen saýlanan zenanlar keçäni «Tüýnükli», «Goçak», «Bäş aýlam», «Sary içýan», «Buýnuzly», «Goşa ýürek»... ýaly nagyşlar bilen bezäpdirler. Bu häzirem şeýle. Tüýnükleriň, nagyşlaryň kesişýän ýerleriniň, şeýle-de «Äşe», «Sary içýan» ýaly nagyşlaryň hem daşyndan alajalar aýlanylýar.
Türkmen gelin-gyzlarymyz el işlerini her döwürde-de nusgalyk derejede sünnäläpdirler. Olar on barmagynyň hünäriniň, ýagşy niýetleriniň, irginsiz yhlaslarynyň, çekýän zähmetleriniň datly miwesini-de görüpdirler. Şeýdibem, el hünärini nesilden-nesle geçirip, dowam etdiripdirler. Bu sungat asyrlar aşyp, ýyllar geçdigiçe, täze röwüşlere beslenip, has-da kämilleşdirilipdir. Haly önümlerinde olaryň çäksiz ussatlygy, irginsiz zähmeti, yhlasy görünýär. Çeper elli zenanlarymyz nagyşlara öz halkynyň taryhyny, göwün matlabyny, arzuw-hyýallaryny siňdirip bilipdirler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyz hakynda — haly-palas, keçe önümçiligini has-da kämilleşdirmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň saýasynda uly aladalar edilýär, ýurdumyzda köpsanly haly önümçiligi kärhanalary gurulýar. Milli sungatymyzy ösdürmäge giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.