Nepis sungatyň sarpasy
01-05-23
                Haly — türkmen halkymyzyň gadymy sungaty — ene-mamalarymyzyň nesillerimize miras goýan senedidir, milli mirasydyr. Şeýle-de haly bedew atymyz, alabaý itimiz ýaly halkymyzyň dünýä beren gymmatlyklarynyň biridir. Türkmen gelin-gyzlarymyzyň diýseň nepis dokan halylaryny gören, synlan her bir adam oňa haýran galyp, bu inçe sungaty döredenlere sagbolsun aýdýar.
Baryp-ha XIII asyrda italýan syýahatçysy Marko Polo dünýäni aýlanyp çykanda, Ýer ýüzünde gören iň täsin zatlarynyň hatarynda türkmen gelin-gyzlarynyň on barmagynyň hünäri bolan, kalbynyň mähri siňen ajaýyp halylar hakynda: «Bu ýerde bilýäňizmi, dünýäde iň nepis we owadan halylar dokalýar» diýip ýazypdyr. Munuň özi bolsa ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň gujurly gollarynyň gudraty, darak hem-de ýürek sesiniň, kalbyndan çykýan mähir-muhabbeti bilen utgaşmagy netijesinde döreýän halylaryň, galyberse-de halyçylyk sungatynyň gadymdan gelýän, özi-de Älemi haýran edýän gadymy sungatdygyna şaýatlyk edýär. Şeýle bolansoň, häzir türkmen halylary dünýäniň abraýly muzeýlerinde iň gymmatly eksponat hökmünde saklanylýar. Stambulda, Londonda, Tähranda, Stokgolmda, Waşingtonda, Nýu-Ýork ýaly dünýäniň uly şäherlerinde ýerleşýän muzeýleri şol muzeýleriň hatarynda görkezmek bolar.
Gahryman Arkadagymyzyň eýe eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň gadymy sungatyna, senedine goýulýan sarpa täze röwüşe eýe bolýar. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu gadymy sungaty döwrebap derejede ösdürmek maksady bilen asylly we döwletli işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» dokma senagatyny ýokary depginler bilen ösdürmek, täze, döwrebap tehnologiýalar we enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalary gurmak esasy wezipe bolup durýar. Şeýle-de Prezident Maksatnamasynda dokma senagatyna degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyryp, daşary ýurtlara eksport edilýän, bäsleşige ukyply dokma önümleriniň, şol sanda ussat halyçylarymyzyň nepislik bilen dokaýan haly we haly önümleriniň öndürilişini artdyrmak hem meýilleşdirilýär. Şundan ugur alnyp, bu günki gün halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi-de döwrebaplaşdyrylýar. Öňden hereket edýän fabrikleriň durky täzelenýär.
Halkymyzyň bu gadymy sungatyna uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp kitaby bolsa, ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan miras galan bu gadymy sungaty, senedi dowam etdirýän ýaş halyçylar üçin gollanma bolup hyzmat edýär. Kitaphanalarymyzda ýerleşýän bu ajaýyp kitaplar ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary üçin sowgadyň ulusy, serpaýlaryň-da seresi boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynda belläp geçişi ýaly: «Türkmen halysy türkmen gelin-gyzlarynyň kalp söýgüsinden, arzuw-umytlaryndan kemal tapan sungatdyr». Türkmen halkynyň gadymy mirasy bolan halyçylyk sungatyny ösdürmek ugrunda uly tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Saýara BALTAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallymy.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
        HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.