EKOLOGIÝA SYÝASATY

18-09-24

Ekologiýa syýasatynyň esasy maksady  –  adamyň  ýaşaýşynyň we işiniň çeşmesi hökmünde çykyş edýän tebigatyň  abat saklanmagy hem-de onuň baýlyklaryndan  rejeli peýdalanmagy üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Türkmenistanda tebigaty goramak, onuň serişdelerini rejeli peýdalanmak we täzeden dikeltmek, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak milli döwlet wezipesidir, ählihalk işidir, Türkmenistanyň her bir raýatynyň ahlak borjudyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň diňe bir ussat hünärmen bolup ýetişmegi üçin däl, eýsem olaryň ylmy işlere has işjeň gatnaşmaklary üçin ähli zerur mümkinçilikler döredildi.

Türkmenistan döwleti Garaşsyzlygyna eýe bolandan öz ýol-ýörelgesini saýlap alyp, tiz wagtyň içinde dünýä siwilizasiýasyna sazlaşykly goşuldy. Ylmy-tehniki ösüş ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ösmegine täsir edip, türkmen halkynyň bolelin we erkana durmuşda ýaşamagyna giň mümkinçilikleri döretdi. Tebigy baýlyklar we olaryň gorlary rejeli, iňňän oýlanyşykly peýdalanyp başlandy. Ähli gazma baýlyklar (nebit, tebigy gaz we ş.m.) çykarylanda daşky gurşawa ýetirilýän täsirler pugta göz öňünde tutulyp, ekologiýa howpsuzlygynyň kadalary berk berjaý edilýär.

Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ylmy esasda ösüşine, ähli senagat kärhanalarynyň tebigat üçin zyýansyz we howpsuz täze tehnikalar hem tehnologiýalar bilen doly çalşyrylmagyna, täze gurulýan önümçilik kärhanalaryň  bolsa ekologik talaplaryň kadalaryna laýyk bolmagyna uly üns berilýär. Döwlet Garaşsyzlygymyza çenli ýer-suw baýlyklaryň bisarpa ulanylandygyny, ýerleriň toprak-melioratiw we ekologik ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny, önümleriň hiliniň pese düşendigini bellemek  ýeterlikdir. Indi öňde durýan esasy wezipeler ýurduň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edip, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakdan oba hojalyk we senagat önümleriň öndürilişini artdyrmakdan, tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmakdan ybaratdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň gözel tebigatynyň has-da baýlaşmagy, döwletimiziň ekologiýa howpsuzlygyny we abadançylygyny üpjün etmek, ilatyň, ylaýta-da ösüp gelýän ýaş nesliň aňynda ekologik düşünjeleri kemala getirmek barada ýurdumyzda yzygiderli alada edilýär, has takygy dünýä döwletleri üçin nusgalyk ekologiýa syýasaty alnyp barylýar.

Häzirki döwürde ekologiýa meselesi bütin dünýäde adamzady aladalandyrýan möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Täze önümçilik kärhanalarynyň gurluşygy, hereket edýän tehnologik we beýleki desgalaryň durkuny täzelemek, olary döwrebaplaşdyrmak işleri daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni almak kämil tehnologiýalary we tehniki çözgütleri ulanmak arkaly alnyp barylýar.   

Häzirki wagtda çogly güneşli, gaýtalanmajak landşafty, ajaýyp tebigy ýadygärlikleri, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan türkmen topragynyň tebigaty täsin gözelligi we özboluşly näzikligi bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň tebigy howa şertleri gadymy döwürlerden bäri halkymyzda daş-töweregi  gurşap alan tebigata has aýawly çemeleşmek  duýgularyny döredipdir. Bu duýgular, garaýyşlar ilimiziň ýaşaýyş-durmuşyna, öý hojalygyny ýörediş aýratynlyklaryna, däp-dessurlaryna  we medeniýetine çuň ornaşypdyr. Gadymdan bäri eziz ülkämiziň özboluşly tebigatyna paýhasly çemeleşmek ýörelgesi halkymyzyň aňyna pugta ornaşyp, ýüze çykan ekologiýa meselelerini çözmegiň özboluşly tärleri kemala gelýär.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Şatlyk ORAZBAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.

1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.


1683694565d992.jpeg
Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler

2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.