EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY — DERWAÝYS MESELE
20-09-24
                Ekologiýa howpsuzlygy, suwdan netijeli peýdalanmak, çölleşmäniň öňüni almak ýaly meseleler üçünji müňýyllygyň global meselelerine öwrülýär. Ýurdumyzyň ähli suwarymly ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, şorlaşmak hadysasynyň we ekin meýdanlarynda topragyň zaýalanmagynyň öňüni almak maksady bilen dünýäniň iň täsin künjekleriniň biri bolan Garagum sährasynda asyryň iň iri gidrotehniki desgalaryň birine öwrülen “Altyn asyr” Türkmen köli döredildi. Bu kölüň gurulmagynyň zerurlygy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, beýleki Merkezi Aziýa döwletleri tarapyndan hem ykrar edildi. Türkmen kölüniň gurulmagy ýurdumyzyň çäklerinde amatly ekologik şertleriň döremegine, yssy we gurak ýerlerde ekoulgamlaryň önümliliginiň artdyrylmagyna hem-de Garagum sährasynyň ortasynda emeli oazisiň döremegine özüniň oňyn netijelerini berip başlady.
Eziz Diýarymyzda milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň “ýaşyl guşagyny” giňeltmek işleri babatda hem çynlakaý, toplumlaýyn başlangyçlar amala aşyrylýar. Garagum sährasynyň merkezinde ýerleşýän täsin suw desgasy bolan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň boýunda düýbi tutulan döwrebap nusgadaky täze obanyň — durmuş-önümçilik toplumynyň çäklerinde “ýaşyl” ekologiýa meselelerine aýratyn ähmiýet berilmegi muňa şaýatlyk edýär.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyny, topragyň ýokary hasyllylygyny üpjün etmäge we bu ugurda ylmy-barlaglary işjeňleşdirmäge, obasenagat önümçiliginiň netijeliligini hem-de ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, ýer we suw serişdelerine aýawly garamaga ýardam edýär. Suwy tygşytlaýjy tehnologiýalar, şol sanda damjalaýyn, ýagyş suwuny peýdalanmak usullarynda suwarmak we ekinleri suwarmagyň beýleki öňdebaryjy usullary giňden ulanylýar.
Bilermenleriň bellemegine görä, önümçiligiň giňemegi, ýeriň we suwuň, tebigy baýlyklaryň tygşytsyz peýdalanylmagy daşky gurşawyň günsaýyn ýaramazlaşmagyna getirýär. Häzirki wagtda ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini gorap saklamak zerurlygy aýdyň duýuldy. Ýurduň florasynyň we faunasynyň ähli görnüşleri goralyp saklanylmalydyr. Şu maksatlar üçin ýurdumyzyň Gyzyl kitaby çap edildi.
Ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara bileleşigine we özara peýdaly hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasatynyň pajarlap ösmeginde tebigaty gorap saklamak, tebigy baýlyklary rejeli hem tygşytly peýdalanmak we beýleki ekologik meseleler örän möhüm ähmiýete eýedir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ekologiýa syýasaty tebigaty goramaga, tebigy baýlyklardan paýhasly, netijeli, rejeli peýdalanmaga we ekologiýanyň sagdynlaşdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu döwürde Türkmenistan döwletimizde tebigaty gorap saklamak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde baý tejribe toplandy.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Aýna ORAZGELDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
        HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.