Saňa at diýmerin...
24-04-23
                Eziz Diýarymyzda atçylygy we atly sporty ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hem türkmen atşynaslyk sungaty belentliklere göterilýär. Halkymyzyň buýsanjy, gardaş derejesinde gören bedewleri görlüp-eşidilmedik derejede sarpalanýar, söýülýär.
Ata-babalarymyz «Ýüwrük atyň bahasy bolmaz» ýa-da «Hakyky seýis işe girişmese, bedewden ýorga çykmaz» diýip, örän jaýdar belläpdirler. Pederleriň ýörelgelerine ygrarly halkymyzyň atlara bolan söýgüsi, höwes-yhlasy netijesinde bu gün behişdi bedewler milli hem-de dünýä medeniýetiniň hakyky gymmatlygyna öwrülip, özleriniň deňsiz-taýsyz gözelligi, syratlylygy, ýyndamlygy, wepadarlygy we asyllylygy bilen tapawutlanýarlar. At münmek, atçylyk sportuny ösdürmek sagdynlygyň, ruhubelentligiň girewi bolup, ýaşlarda berk bedenliligi, çalasynlygy, dogumlylygy, edermenligi terbiýelemekde örän ähmiýetlidir.
Ençeme asyrdan bäri türkmeniň adyny ähli yklymlara meşhur eden milli gymmatlyklarymyzyň biri-de ahalteke bedewlerimizdir. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilmegi halkymyzyň ruhy dünýäsinde bu jandaryň ornunyň biçak uludygyny aňladýar.
Halk yrymlarynda bellenilişi ýaly, at toýnagy düşen ýerlerde bereket, döwlet bolýar. Ýelden ýüwrük, gamyşgulak bedewlere uly hormat goýýan ata-babalarymyz hem öz wepaly dostuny — atyny ýanyndan goýmandyr, oňa «dost, syrdaş» diýip ýüzlenipdir. Merdana ýigitler «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin, gardaşymdan ýeg. Başyma iş geldi, ýoldaşym diýerin, ýoldaşymdan ýeg» diýip, bedew atyny ezizläpdir, söýüpdir.
Türkmen halkynyň at-abraýyny, şöhrat-mertebesini belende göterip, dünýä ýaýan beýik taryhy şahsyýetlerimiz bolan Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg, Alp Arslan, Çagry beg, Togrul beg, Jelaletdin, Keýmir kör... kimin serkerdelerimiziň, serdarlarymyzyň hut bedew atlarymyza atlanyp, halkymyz üçin bitiren hyzmatlary milletiň aňynda, adamzat hakydasynda baky ýaşaýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly gymmatly kitaplary halkymyza uly gollanmadyr. Bu ajaýyp kitaplar türkmen bedewleriniň gözelliginiň, ýyndamlygynyň soňlanmajak waspydyr.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň şowhuny dünýä dolýar. Ýurdumyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisi yzygiderli geçirilýär. Baýramçylyk mynasybetli geçirilýän bäsleşikler daşary ýurtly myhmanlary hem haýrana goýýar. At çapyşyklarynda we halkara gözellik bäsleşiklerinde ahalteke bedewlerimiziň öňdäki orunlary eýelemegi munuň özi türkmen bedewleri üçin täze bir eýýamyň, döwranyň gelenligidir.
«Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy» ýaly nakyllar arkaly ata aýratyn sarpa goýýan il-ulsumyz Türkmen bedewiniň milli baýramyny mynasyp derejede toýlaýar. Şeýle dabaraly toýlary toýlamaga, milli mirasymyzy dünýä gymmatlygy derejesinde ösdürmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Serdar ORAZMYRADOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
        HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.