YLYM DÜNÝÄSINIŇ AK ÝOLUNDA
11-10-25
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizi ylmy esasda alyp barmaga uly üns berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakynda”, “Türkmenistanda ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamagy üpjün etmek hem-de ylmy taslamalara döwlet maliýe goldawyny bermek hakynda” Kararlara gol çekmegi hem-de olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy doly şaýatlyk edýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ykdysady-syýasy we medeni-ruhy taýdan has-da gülläp ösmegine ýardam etjek ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumy bilim berýän mekdepleriň, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna uly orun degişlidir. Şonuň üçin-de olar okuw usullaryndan, serişdelerinden ýerlikli peýdalanýarlar, ýaşlaryň akyl, beden we ruhy taýdan kämilligini ösdürmäge degişli işleri alyp barýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepler ulgamy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede ylym-bilim mümkinçiliklerini artdyrýar we okatmagyň täze usullaryny ornaşdyrýar. Şunlukda, milli bilim ulgamy ýurdumyzyň hem-de dünýäniň iň öňdebaryjy tejribelerine, ylmy we tehniki ösüşiň häzirki zaman gazananlaryna daýanýar.
Täze ylym-bilim ulgamynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün edýän ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçilik zerurlygy onuň täze ylmy pudaklarynyň yzygiderli ösdürilmegi we häzirki zaman ylmyna daýanýan jemgyýetiň kemala gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi ýokary okuw mekdepleriniň ylym-bilim ulgamynyň düýpli özgerdilmegini, soňky ýyllarda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň täze onlarça ugrunyň kemala gelmegini şertlendirýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesilleriň dünýä derejesinde bilim almaklary üçin ýadawsyz aladalary edýär. Ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleri üçin täze binalaryň gurulmagy, öňküleriň durkunyň düýpli abatlanmagy, okuw otaglarynyň ýokary derejede kompýuter we beýleki enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy, talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy şeýle aladalaryň netijesidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilimi kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak jemgyýetiň ruhy, durmuş ykdysady, medeni ösüşiniň binýady hökmünde Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtda amala aşyrylýan bilim özgertmesinde wajyp ornuň innowasiýalara berilmegi bolsa, türkmen ýaşlarynyň dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gitmeklerini şertlendirýär. Ulanylmaga berilýän täze binalar toplumlaryndaky zamanabap ulgamlar, kompýuterleşdirilen okuw otaglary, dil öwrenmegi ýeňilleşdirýän ýörite otaglary, ýokary hilli sport-sagaldyş toplumlary nesilleriň halkara talaplaryna laýyk gelýän bilim almaklaryna itergi berýär.
Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ylym-bilimiň kuwwaty yzygiderli artdyrylýar, dünýä tejribesine laýyk gelýän innowasiýalar ornaşdyrylýar.
Döwletiň geljekki ösüşini üpjün etmek üçin ýurdumyzyň bagtyýar neslini ylma, bilime çekmek ilkinji zerurlyk bolup, munuň üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýän zamanasynda, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýaşlar okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek bilen Watanymyzyň binýadyny has-da pugtalandyrmalydyrlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň geljekde ilhalar, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri, döredijilik, ylmy we taslama işleri bilen meşgullanmaklary, dünýä derejesindäki ösen tehnologiýa ulgamlaryndan oňat baş çykarmaklary üçin taýsyz tagallalary edip, olara hemişe uly ynam bildirýär. Hormatly Prezidentimiziň belent ynamyny ödemek, berkarar Watanymyzyň mynasyp nesilleri bolup ýetişmek bolsa mukaddes borçdur.
Bagtyýar durmuşda işlemäge, döretmäge giň ýol açyp beren, bize ajaýyp zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Artyk KAKALYÝEW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň fizika we elektrotehnika kafedrasynyň mugallymy.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.