TÜRKMENIŇ UÇAR GANATY

25-04-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Diýarymyzyň hem-de daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke bedewlerini ýetişdirmek boýunça amala aşyrýan asylly işlerine mynasyp baha berýär. Olara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary», «Türkmenistanyň halk atşynasy» hem-de «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly atlar dakylýar.

Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işini hem bellemek gerek. Arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmäge, bu tohumy kämilleşdirmäge hem-de olaryň ajaýyp tohumçylyk häsiýetlerini ösdürmäge ýöriteleşdirilen, dürli ýurtlaryň atşynaslarynyň duşuşyklary hem-de özara tejribe alyşmaklary üçin netijeli işleri durmuşa geçirýän guramanyň giň gerimli işi behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga ýardam edýär. Diýarymyzda guralýan ýörite sergiler we maslahatlar,  behişdi bedewleriň gözellik bäsleşikleri hem şeýle belent maksatlary nazarlaýar.

Bu günki gün ýurdumyzda atçylyk pudagynyň okgunly  ösdürilmegine goşmaça itergi bermäge, at çapyşyklarda, atly  sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlarda, hususan-da, konkur we at üstündäki milli  oýunlar boýunça bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmäge ukyply türgenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. At çapyşyklaryny we atly sport bäsleşiklerini halkara talaplaryna laýyklykda guramak we geçirmek, şeýle hem türgenlerdir janköýerler üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Aşgabatda we welaýatlarymyzda döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň birnäçesi guruldy, ozal bar bolanlarynyň durky täzelenildi. Bu toplumlarda mähriban halkymyzyň milli baýlygy we buýsanjy bolan, tebigat bilen sazlaşykda dörän gözelligiň ajaýyp nusgasyny alamatlandyrýan naýbaşy bedewleri ösdürip ýetişdirmek hem-de seýislemek üçin ähli şertler döredildi. Ýurdumyzda atçylyk pudagyny has-da ösdürmek, at çapyşyklaryny we atçylyk sportunyň dürli görnüşleri  boýunça bäsleşikleri geçirmek hem-de at üstündäki milli oýunlary ýerine ýetirmek boýunça ussat türgenleri taýýarlamak üçin Aşgabat atçylyk sport toplumynyň çäginde okuw merkezi guruldy.

Häzirki döwürde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hem uçar ganatymyz bolan ahalteke bedewlerini, şeýle hem özboluşly milli sungatymyzy dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşýar. Dünýäniň onlarça ýurtlarynda geçirilen abraýly festiwallara gatnaşmak bilen, bu topar sport arenasynda we sirk sahnasynda behişdi bedewlerimiziň ajaýyplyklaryny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» diýen ajaýyp eserlerinde türkmen halkynyň wepaly ýoldaşy bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň hem-de seýislemegiň nesilden-nesle geçirilip gelinýän özboluşly däpleri barada giňişleýin gürrüň berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe göz guwanjymyza öwrülen behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmekde merdana ata-babalarymyzdan miras galan gadymy seýisçilik ýolunyň mynasyp dowam etdirilip, geljekki nesillere ýetirilmegi, atçylyk sportunyň we at üstündäki milli oýunlaryň ösdürilmegi nusgalyk gözelligi özünde jemlän milli gymmatlygymyzyň abraýyny has-da artdyrar. Sagdynlygyň, ruhubelentligiň girewi, ýaşlarda berk bedenliligi, çalasynlygy, dogumlylygy, edermenligi terbiýelemekde örän ähmiýetli bolan atçylyk sportuny ösdürmek ösdürmek ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Mekan ATAÝEW, 
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby. 

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.