BILIM — ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

21-04-25

Türkmen halky — ähli döwürlerde bilime we bilimli bolmaga uly ähmiýet beren halk. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Okamadyk öküner, dil gysgadyr sakynar», «Işiň ussasy — okamak», «Okaýan il ozar, okamaýan il tozar» ýaly nakyllar we atalar sözi bilime diňe bir türkmen halkynyň dälde, eýsem, tutuş adamzadyň şu gününi hem geljegini kesgitleýän gymmatlyk hökmünde garaýandygyny aýdyň görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamy ýokary ösüşlere eýe boldy. Maglumatlaryň ýokary depginler bilen köpelýän, innowasion tehnologiýalaryň adamlaryň durmuşyna ýokary tizlik bilen aralaşýan döwründe bilim ulgamyna täze usullar ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ylym-bilim, syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, medeni taýdan gazanan ägirt uly ösüşleri we özgerişleri bu gün bütin dünýä ýaň salýar. Islendik döwletiň ýokary derejede ösmegi şol ýurduň bilim, ylym, saglyk we medeniýet ulgamlarynyň kämilleşdirilişi bilen baglanyşdyrylýar.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler we täze ösüşler gönüden-göni ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen, bilim özgertmeleriniň hukuk binýady berkidildi. Kämil Kanunlaryň kabul edilmegi döwletimiziň ykdysady, medeni, durmuş ugurlaryndaky ynamly ösüşlerini we ygtybarly öňe gitmegini kepillendirýär. Bilim babatda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän, döwlet syýasatynyň bilim ulgamyndaky binýatlyk ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, hyzmatlaryny we onuň işini dolandyrmagyň tertibini kesgitleýän «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi) kabul edildi. Ýurtda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek üçin ýokary bilimli we medeniýetli, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, başarjaň şahsyýetleri we işine ussat hünärmenleri taýýarlamak zerur bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamlaryndaky özgertmeleri netijesinde, mugallymçylyk iş tejribesine kompýuter tehnologiýalary we okatmagyň interaktiw usullary işjeň ornaşdyryldy. Internetiň global ulgamynyň, maglumatlar serişdeleriniň elýeterliligi giňeldildi. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ähli basgançaklary üçin döwrebap düzülen okuw meýilnamalary we maksatnamalary, okuw kitaplary hemde okuw-usuly gollanmalary taýýarlanyldy. Ýaşlaryň islegine görä goşmaça ugurlar boýunça bilim almaga şertler döredildi. Hormatly Prezidentimiz her ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar gününde ilkinji gezek mekdebe gadam basýan okuwçylara kompýuterleri sowgat berýär. Şeýle döwrebap kompýuterleriň öz ýurdumyzda öndürilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Bilimli-ylymly, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesli kemala getirmek bilim işgärleriniň baş wezipesi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp çözgütleri döwletimizi, häzirki zaman türkmen jemgyýetini syýasy, durmuş-ykdysady we ruhy-medeni taýdan has-da sazlaşykly ösdürmegiň, bagtyýar nesillerimize döwrebap bilim-terbiýe bermegiň düýpli ylmy esaslaryny goýdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyryp, uly ösüşler we özgerişler bilen öňe barýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary we irginsiz aladalary bilen, halkymyz eşretli hem bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Halkymyz milli Liderimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasyna, gujur-gaýratyna, ynsanperwer ýörelgelerine uly hormat we sarpa goýýar. Beýik taglymatlara beslenen bu döwür Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyna peşgeş eden bagtyýar döwrüdir. Bu döwrüň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklaryny gorap saklamakda, nesillerden-nesillere dowam etdirmekde bilim işgärlerine uly ynam bildirilýär. Bu beýik işleriň ähmiýetini ýaş nesillere düşündirmek, halk arasynda wagyz etmek, watansöýüji nesilleri ýetişdirmek her birimiziň borjumyzdyr.

Goý, tutuş dünýäde mukaddes Watanymyzyň at-abraýyny belende göterýän, atababalarymyzyň gadymdan gelýän asylly däplerine, ýörelgelerine eýerip, türkmen halkyny bagtyýar geljege ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Züleýha MUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ uly mugallymy.

1685250e64d9cd.jpeg
IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.


1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.