Hazaryň halkara höziri

13-08-24

Türkmenistan - ajaýyp ýurt. Dag ýerinde dagy, deňiz ýerinde deňzi, joşgunly derýalary, mahmala meňzeýän sähralary bolan bu ajaýyp tebigatly ülkäniň at-owazasy mundan ýüzlerçe asyr ozallaram Ýer ýüzüniň çar künjegine ýaýran. Ýöne şeýle bir zamananyň bolýandygyna, şol eýýamda ýurtda ösüşleriň ösüşlere beslenýändigine, tebigatynyňam gözelligine gözellik goşulýandygyna biz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mysalynda bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik. Ynsanyň paýhasy hem-de yhlasy bilen tebigatyň görlüp-eşidilmedik derejede owadanlaşyp bilýändigi bolsa, Hazar deňziniň türkmen kenarynda sanlyja ýylyň içinde döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mysalynda öz aýdyň beýanyna eýe boldy. Bu ajaýyp mekanda, Hazar deňziniň türkmen kenarynda döredilen gözel zolakda geçirilýän çäreleriň, duşuşyklaryň, okuw maslahatlarynyň sanasaň sogaby bar.

Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostlukly we netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mysalynda hem görmek bolýar. Häzirki wagtda Hazaryň parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi hökmünde ykrar edilmegi deňiz bilen çäkleşýän goňşy döwletleriň tagallalarynyň birligini, sebit hyzmatdaşlygynyň oňyn netijelerini şöhlelendirýär. 2024-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenilip geçilip, baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň binýadynda Hazarýaka sebitde ýaşaýan halklaryň, şol sanda dünýädäki ähli halklaryň abadançylygynyň hatyrasyna gönükdirilen, has takygy, täsin suw giňişliginiň baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak, daşky gurşawyň abadançylygyna aýawly çemeleşmek maksatlary durýar. Şu gezekki dabaralar hem ýurdumyzyň alyp barýan ekologiýa syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň beýany boldy.

Baýramçylygyň çäklerinde ylmy-amaly maslahat, sergi, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Hazar deňzi instituty tarapyndan Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynda guraldy.

Sebit döwletleri üçin strategik ähmiýete eýe bolan deňiz baýlyklaryny özleşdirmek, sebitiň amatly ýerleşiş nukdaýnazaryndan bolsa, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk mümkinçiliklerini peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmek esasy ugurlaryň biridir. Häzirki wagtda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi Hazaryň ekologiýa ulgamyny goramaga hem giň mümkinçilikdir.

Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki iri forumlaryň münberinden beýan eden hem-de daşky gurşawy goramak, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmäge, Hazar deňziniň ekologiýasyny goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioserişdelerini gorap saklamak, şeýle hem birnäçe ekologiýa meselelerini çözmek bilen baglanyşykly wezipeleriň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlyk etmäge halkara meýdança boljak “Hazar ekologiýa başlangyjyny” döretmek baradaky teklipleriň bolmagy aýratyn bellenmäge mynasyp ýagdaý boldy.

Hazary parahatçylygyň we ylalaşygyň deňzine, dost-doganlygyň nusgasyna öwürmek ugrundaky umumy maksatlar özara gatnaşyklaryň kesgitleýji şerti bolup durýar. Mundan başga-da, Hazarýaka sebitiniň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde 2019-njy ýylyň awgustynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyň ähmiýetini aýratyn bellemek gerek. Forumyň netijeleri Hazar deňziniň diňe bir Hazarýaka döwletleriniň hazynasy bolman, eýsem, onuň geljegi uly mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy arkaly tutuş adamzada hyzmat etmeli tebigy baýlyk hökmünde ykrar edilýändigini äşgär etdi. Durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler syýasaty netijesinde iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ösüşiň ýokary derejesi üpjün edilýär. Munuň özi halkymyzyň ynsanperwerlik, adalatlylyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň tejribede amal edilmegidir.

Umuman, özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýan Hazar deňziniň mümkinçilikleriniň iş ýüzünde netijeli peýdalanylmagy sebitde ýaşaýan halklaryň we tutuş adamzadyň bähbidi üçin Hazarýaka döwletleriniň umumy garaýyşlarynyň berkidilmeginiň wajyplygy bilen baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin-de, bu gün eziz Watanymyzda ýaşaýan her bir türkmenistanlynyň joşgunly kalby Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan mähirli alkyşlara, hoşallyklara beslenendir. Goý, halkymyzy röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri rowaç alsyn!

Şirmyrat TEJENOW,
Türkmenistanyñ Telekommunikasiýalar we informatika instituty Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetinin mugallymy.

16ab2191082ead.jpeg
Aşgabatda ykdysady innowasiýalar boýunça maslahat geçirildi

Ykdysadyýet toplumynyň mejlisler zalynda «Innowasiýalar we sanly tehnologiýalar ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýçleridir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurduň maliýe we ykdysadyýet toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berdi.


16ab216bb300a8.jpeg
Türkmenistanda optiki-süýüm kabelleri öndürýän önümçilik desgasy gurlar

2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Seul şäherinde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň «LS Cable & System Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.


16ab21604448a6.jpeg
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi internet saýtlaryna bildirilýän tehniki talaplary täzeledi

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi internet web-saýtlaryny döretmek we işe girizmek üçin bir bitewi tehniki talaplara üýtgetmeler girizdi. Degişli buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alyndy.


16ab0c2d4302b3.jpeg
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat—Kazan ugrunda goşmaça uçuşlary ýola goýdy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli Aşgabat—Kazan ugry boýunça üç sany goşmaça gatnawy girizdi. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.


16ab0c1f0a2261.png
Türkmenistanyň gümrük gullugynda töwekgelçilikleri dolandyrmakda emeli aňyň mümkinçilikleri öwrenilýär

Aşgabatda 16–18-nji sentýabr aralygynda geçirilen ”Ready4Trade Merkezi Aziýa: Hazarüsti ulag geçelgesi arkaly abadançylygy ösdürmek” taslamasynyň çäklerinde üç günlük okuw sapaklary geçirildi. Okuw sapagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleri gümrük işinde töwekgelçilikleri dolandyrmakda emeli aň, ulag öwrenişi we uly maglumatlar seljermesini ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrendiler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.