Halk maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagy

03-08-26

Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri uly işiň başyny tutanda ýaşulular bilen maslahatlaşyp, köpi gören adamlar bilen geňeş edipdir. Ata-babalarymyzyň bir supranyň başyna jemlenip, maslahat etmek esasy ýörelgeleri bolupdyr. Pederlerimizden miras galan şeýle asylly ýörelgeler häzirki ajaýyp zamanamyzda hem dowam etdirilýär. Demokratik ýörelgelere eýerilip, il-ýurt bähbitli möhüm çözgütler kabul edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi halkyň bähbidiniň ileri tutulmagyny üpjün edýär.

Türkmen halkynyň toýlary toýlara ulaşýar, baýramlar uly dabaralar bilen bellenilýär. Ynha, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuny toýlarys. Şeýle şanly baýramçylyk günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary derejede geçiriler. Türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen asylly ýörelgelere eýerilip, millilik ýoly dowamat-dowam bolýar. Halk Maslahaty hem asyrlaryň dowamyndan gelýän agzybirlik, milli demokratik ýörelgelerimiziň döwrebap ösdürilýän ugurlarydyr. Taryhda ata-babalarymyz hem il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda uly maslahat geçirip, il-ýurt bähbitli meseleleri çözüpdirler. Bu barada ata-babalarymyzdan galan nakyllar, atalar sözleri hem bize ýol-ýörelge bolup durýar. “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz”, “Ýedi ölçäp, bir kes” diýlen nakyllar türkmen halkynyň her bir işi maslahatly edýändigini aňladýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere, taryhy özgertmelere eýe bolýar. Munuň şeýledigine gazanylýan ykdysady ösüşiň ýokary derejeleri, ýaşaýyş-durmuş, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler şaýatlyk edýär. Bu döwürde ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagy bilen täze gurulýan desgalaryň sany barha köpelýär. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň binagärlik keşbi düýpgöter özgerýär, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, täze mekdepler, beýleki durmuş-ykdysady desgalar gurulýar. Bularyň ählisi iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilendir. Dünýä nusgalyk Arkadag şäheri iň döwrebap mümkinçiliklere eýe bolup, onuň ajaýyp keşbi halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Ynha, şeýle beýik ösüşlerimizi, oňyn özgertmeleri ara alyp maslahatlaşmak, röwşen geljegimize aýdyň maksatlar tutmak döwletlilikden nyşandyr. Hut şonuň üçin hem sentýabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi aýratyn ähmiýete eýe bolar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmäge, teklipleri işläp taýýarlamaga, maslahatlary bermäge, halkyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek hem-de hyzmat etmek bolup durýar.

Ajaýyp zamanamyzda ata-babalarymyzyň il bilen bolmak, begenen gününde şatlygyny paýlaşmak ýörelgeleri halkymyzyň baý durmuş tejribesinden, nusga alarlyk medeniýetinden habar berýär. Olar döwletliligi, rysgal-bereketliligi, ýagşy niýetliligi, pespälligi, ynsanperwerligi ömrüň manysy hasap edipdirler. Şu ýörelgelere eýerilip, ýaşlarda adamzadyň bagtly ýaşaýşy üçin zerur bolan asyllylyk, medeniýetlilik, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw bermek ýaly häsiýetler terbiýelenýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gazanylýan belent üstünliklere, beýik ösüşlere nazar aýlanyňda, şanly Garaşsyzlygymyza buýsanjyň has-da goşalanýar. Çünki Garaşsyzlygymyzy berkitmekde, ykdysady ösüşlerimizi dünýä derejesinde ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri bu gün netijeliligi bilen tapawutlanýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen sepgitler, uly ösüşler beýik taryhy öz içine alýar. Bu döwürde türkmen halkynyň beýik taryhy kemala geldi, dünýä içre ýaýyldy.

Türkmen halkynyň bagtyýarlygy, dünýä içre şan-şöhraty Garaşsyzlygyň beren datly miwesidir. Gurýan, döredýän, öňe barýan halkyň bagtyýarlygy mukaddes Garaşsyzlyk bilen berk baglanyşyklydyr. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýunyň belleniljek günleriniň öňüsyrasynda geçiriljek döwletli maslahatda halk bähbitli, ýurt ähmiýetli möhüm çözgütler kabul ediler. Bu kabul ediljek taryhy çözgütler bolsa geljegimiz bolan ýaş nesilleriň aýdyň ertirlerini kepillendirer.

Aýlar ATAÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.