Hazar deňzi — saglygyň kepili
14-06-25

Berkarar döwletimiz dag ýerinde dagy, düz ýerinde düzi, deňiz ýerinde deňzi bolan tebigatyň ähli ajaýyplyklaryny özünde jemleýän ülkedir. Hazar deňzi umman gelip çykyşy bolan dünýäde iň iri içerki suw howdany. Ol biziň günlerimize çenli özüniň ajaýyp gözelligini we tebigy künjekleriniň köpdürlüligini, baý ösümlik we haýwanat dünýäsini saklap gelen genji-hazynadyr.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy adamlaryň döwrebap dynç almagy üçin barha kämilleşýär. Bu ýerde tomusda Hazar deňziniň güni uly dabara beslenip bellenilýär. Şu mynasybetli maslahatlardyr medeni çäreler geçirilýär. Şu günler Hazar deňziniň kenarynda tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly geçirýän ildeşlerimiziň sany has-da köp.
Tomus paslynyň dowam edýän şu günlerinde deňizde suwa düşüp, dynç almagyň aýratyn bir lezzeti bar. Güneş, çäge, duzly deňiz suwy we howasy tebigy dermanhana bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen birlikde, deňiz suwy adam bedeni üçin peýdaly maddalara baýdyr. Onuň bejerijilik häsiýetleri irki döwürlerden bäri mälimdir. Gippokrat süňk döwülmeleriniň tiz bitmeginde, myşsa we bil agyrylarynda deňiz suwunyň peýdalydygyny belläp geçipdir. Deňiz suwunyň düzüminde minerallaryň 90-a golaý görnüşi bar.
Olardan kaliý, magniý, kalsiý, brom bedendäki alyş-çalyş hadysalaryna we öýjükleriň täzeden dikelmegine itergi berýär, nerw ulgamyny pugtalandyrýar. Deňizde suwa düşmek adam bedenine oňyn täsir edýär. Immunitetiň berkemegine, gan aýlanyşynyň kadalaşmagyna, respirator kesellere garşy durujylygy ýokarlandyrmaga, deriniň we saçyň ýagdaýyny gowulandyrmaga, ganyň kislorod bilen baýlaşmagyna ýardam edýär. Bularyň ählisi deňiz suwunda ergin haldaky peýdaly maddalaryň adam bedenine göni täsir etmegi netijesinde bolup geçýär. Deňizde 30 minutlap suwa düşülende, bedeniň hemme ýerine owkalanan ýaly täsir edýär.
Deňiz suwunda ýod köpdür. Munuň özi galkan şekilli mäziň işine itergi berýär. Deňziň kenarynda dynç alnanda, bedeniň ýod bilen üpjünçiligi ýokarlanýar. Hazar deňziniň kenarynda bolsa tebigy şypa beriji baýlyklaryň ençemesi bar: Günüň şöhlesi, ýod bilen baýlaşdyrylan howanyň bugy, duz, ýod we mikroelementlere baý suw, çägäniň gury gyzgyny, dürli minerallardyr mikroelementler bilen üpjün edilen läbigi, dürli göwrümli daşa öwrülen balykgulajyklar... Bu topraga tebigatyň eçilen gözelligi tebigy sazyň, suw tolkunlarynyň, durnalaryň, çarlak guşlaryň sesi hiç bir zat bilen deňäp bolmajak emdir.
Deňiz howasy hem jana melhemdir. Düzüminde seýrek minerallar we mikroelementler bolan owunjak suwly bölejikler saklanýan deňiz howasy mineral deňagramlylygy üpjün etmäge mümkinçilik berýär we bedene toplumlaýyn sagaldyş täsirini ýetirýär. Dem alnanda, peýdaly maddalar adam bedenine düşýär. Deňiz kenarynda gezelenç etmek hasam peýdalydyr.
Öz halkyna işlemek we dynç almak üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Gohar PETROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň müdüri, lukmançylyk ylymlarynyň kadidaty.

IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.