Ylym-bilim ulgamy — döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady
08-12-25
Ylym-bilim ulgamyny, hususan-da, häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda döwletiň öňünde durýan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek wezipesi duran giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin ylym ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Häzirki wagtda milli ylym-bilim ulgamynyň hukuk esaslary pugtalandyrylyp, bu ugurlaryň düzümleýin döwrebaplaşdyrylmagy boýunça möhüm çözgütler kabul edildi. Iri halkara guramalar, ylmy merkezler bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde we beýleki ugurdaş düzümlerde ylmy barlaglaryň üstünlikli geçirilmegi, bu babatdaky işleriň giň gerime eýe bolmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara baglanyşykly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagy, öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmekleri üçin yzygiderli çäreler görülýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk derejesi berildi. Bu çözgüt ýurdumyzyň alymlaryna we inženerlerine daşary ýurtlaryň ugurdaş ylmy merkezleri, şol sanda Halkara ylmy parklaryň assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Ýaş alymlar merkezi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan alnyp barylýan senagat-innowasion we maglumat-tehnologik häsiýetli gözlegler, ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehniki ugurly işgärleriň, hünärmenleriň ylmy açyşlary ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm wezipelerini çözmäge şert döredýär.
Ýurdumyzda 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanyp geçirilen “Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi” atly halkara ylmy maslahat hem bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirildi. Forum türkmen alymlaryny we onlarça daşary ýurtdan ylmy jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ylym milli we umumadamzat bähbitli belent maksatlarymyzy durmuşa geçirmegiň ýolunda berk binýat hökmünde hyzmat edýär. Ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak häzirki zaman ylym ulgamynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Şunda islendik ylmy işläp taýýarlama näçe çalt önümçilige ornaşdyrylsa, onuň gymmatynyň hem şol derejede ýokary bolýandygy nukdaýnazaryndan garamak möhümdir.
Biziň ýaşaýan zamanamyz görlüp-eşidilmedik ylmy-tehniki ösüşiň döwrüdir, ol bilimiň derejesiniň we hiliniň, tehnologiýalaryň, döredijilik mümkinçilikleriniň okgunly ösüşi bilen şertlendirilýär. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, iň täze kompýuter, multimedia tehnologiýalaryndan, öňdebaryjy iş tejribelerinden peýdalanýan döwrebap okuw mekdepleriniň giň toruny döretmäge, netijede, bilim ulgamyny täzeçil ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ýyl ýokary, orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, olarda täze hünärleriň açylmagy, hünär bilimleriniň ugurlarynyň giňeldilmegi bu babatda alnyp barylýan anyk işleriň mysaly bolup durýar.
Ýaş raýatlarda bilimlerini yzygiderli baýlaşdyrmaga, dünýä ösüşiniň täzeliklerini özleşdirmäge bolan höwesi döretmek ýurdumyzyň rowaçlygyny, halkymyzyň bagtyýar geljegini kesgitleýän möhüm wezipeleriň biridir. Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Bu babatda 2021 — 2025-nji ýyllara niýetlenen degişli Döwlet maksatnamasy hereket edýär. Ýurdumyzyň kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy” tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň gerimli bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly dürli ugurlarda döwletara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Diýarymyzyň we daşary ýurtlaryň bilim edaralarynyň arasynda okuw maslahatlaryny, okuw-usulyýet sapaklaryny, umumy okuwlary we beýleki çäreleri bilelikde guramak asylly däbe öwrüldi. Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň häzirki zaman binalary gurlup ulanmaga berilýär. Olar döwrebap kompýuterler, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen doly üpjün edilýär. Her ýyl birinji synp okuwçylaryň ählisine “Bilimli” atly noutbuk kompýuterler sowgat berilýär. Munuň özi döwletimizde körpe nesliň mynasyp terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladanyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň binýadyny iň oňat dünýä tejribesi, halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy gymmatlyklary, milli däp-dessurlary, baý taryhy we medeni mirasy düzýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňemegi üçin ähli şertleri döretmek, dürli pudaklar üçin ýokary bilimli hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda işler alnyp barylýar.
Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Bazar HALMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň kafedra müduri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.