HAZARYŇ HALKARA HÖZIRI
15-07-25
Türkmenistan Watanymyzda ösüşleriň ösüşlere beslenýändigine, tebigatynyňam gözelligine gözellik goşulýandygyna biz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mysalynda bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris. Ynsanyň paýhasy hem-de yhlasy bilen tebigatyň görlüp-eşidilmedik derejede owadanlaşyp bilýändigi bolsa, Hazar deňziniň türkmen kenarynda sanlyja ýylyň içinde döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mysalynda öz aýdyň beýanyna eýe boldy. Bu ajaýyp mekanda, Hazar deňziniň türkmen kenarynda döredilen gözel zolakda geçirilýän çäreleriň, duşuşyklaryň, okuw maslahatlarynyň sanasaň sogaby bar.
Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostlukly we netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mysalynda hem görmek bolýar. Häzirki wagtda Hazaryň parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi hökmünde ykrar edilmegi deňiz bilen çäkleşýän goňşy döwletleriň tagallalarynyň birligini, sebit hyzmatdaşlygynyň oňyn netijelerini şöhlelendirýär.
Sebit döwletleri üçin strategik ähmiýete eýe bolan deňiz baýlyklaryny özleşdirmek, sebitiň amatly ýerleşiş nukdaýnazaryndan bolsa, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk mümkinçiliklerini peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmek esasy ugurlaryň biridir. Häzirki wagtda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi Hazaryň ekologiýa ulgamyny goramaga hem giň mümkinçilikdir.
Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki iri forumlaryň münberinden beýan eden hem-de daşky gurşawy goramak, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmäge, Hazar deňziniň ekologiýasyny goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioserişdelerini gorap saklamak, şeýle hem birnäçe ekologiýa meselelerini çözmek bilen baglanyşykly wezipeleriň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlyk etmäge halkara meýdança boljak “Hazar ekologiýa başlangyjyny” döretmek baradaky teklipleriň bolmagy aýratyn bellenmäge mynasyp ýagdaý boldy.
Hazary parahatçylygyň we ylalaşygyň deňzine, dost-doganlygyň nusgasyna öwürmek ugrundaky umumy maksatlar özara gatnaşyklaryň kesgitleýji şerti bolup durýar. Mundan başga-da, Hazarýaka sebitiniň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde 2019-njy ýylyň awgustynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyň ähmiýetini aýratyn bellemek gerek. Forumyň netijeleri Hazar deňziniň diňe bir Hazarýaka döwletleriniň hazynasy bolman, eýsem, onuň geljegi uly mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy arkaly tutuş adamzada hyzmat etmeli tebigy baýlyk hökmünde ykrar edilýändigini äşgär etdi. Durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler syýasaty netijesinde iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ösüşiň ýokary derejesi üpjün edilýär. Munuň özi halkymyzyň ynsanperwerlik, adalatlylyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň tejribede amal edilmegidir.
Umuman, özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýan Hazar deňziniň mümkinçilikleriniň iş ýüzünde netijeli peýdalanylmagy sebitde ýaşaýan halklaryň we tutuş adamzadyň bähbidi üçin Hazarýaka döwletleriniň umumy garaýyşlarynyň berkidilmeginiň wajyplygy bilen baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin-de, bu gün eziz Watanymyzda ýaşaýan her bir türkmenistanlynyň joşgunly kalby Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan mähirli alkyşlara, hoşallyklara beslenendir. Goý, halkymyzy röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri rowaç alsyn!
Hüýrnabat KULMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler boýunça esasy hünärmeni.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.