TÄZE GÜNÜŇ JOŞGUNY

24-03-22

Türk­men­ top­ra­gyn­da­ tog­san­ do­lup,­ ýe­re ­ýy­ly­ git­me­gi­ bi­len, ­te­bi­gat ­gaý­ta­dan jan­la­nyp,­ gyş­ or­nu­ny­ ba­ha­ra ber­ýär. ­Al­ el­wan­ gül­le­re, ­lä­le­zar­ly­ga bes­le­nen ba­ha­ryň­ nu­ra­na­ gün­le­ri ­bagt­ly­ se­ne­le­ri we­ wa­ka­la­ry ­ba­gyş­ edip,­ duý­gy­ dün­ýä­mi­ze tü­kenik­siz­ yl­ham ­ber­ýär. ­Pa­syl­la­ryň ­sol­ta­ny ­ba­ha­ryň­ gel­me­gi­ bi­len,­ tu­tuş te­bi­gat ­jan­lan­ýar.­ Her­ pas­lyň­ öz­ gö­zel­li­gi­ bar­ bol­sa­da, ­ba­har ­pas­ly­nyň ­kal­by­ňy heý­ja­na ­sal­ýan,­ gö­zel­li­gi­ne­ ben­di­ ed­ýän,­ gö­rünme­ýän, ­bi­lin­meýän ­ja­dy­sy­ bar. Dag­-de­re­ler­ ýa­şyl beg­res­ ge­ýen­de,­ dur­na­lar­ gy­kuw­la­şyp­ ge­len­de,­lem­mer­-lem­mer­ ga­ra­ bu­lut­lar­ süý­şüp,­ gök­ gü­bürdäp ­ýyl­dy­rym ­ça­kan­da,­ kük­räp­-kük­räp­ ba­har­ çabga­sy­ ýa­gan­da,­ yn­san­ kal­by ­hem­ jo­şup,­ üýt­ge­şik duý­gu­lar ­dö­re­ýär.­

Ba­ha­ryň ­nu­ra­na ­baý­ram­la­ry­nyň ­bi­ri­ bo­lan ­Hal­kara ­Now­ruz ­baý­ra­mynda owa­dan­lyk, ­tä­ze­le­niş,­ te­bi­gy­ öz­ge­riş­ we­ ze­min­ görk­le­ni­şi ­jem­len­ýär.­ Tä­ze ­gü­nüň —­Tä­ze­ ýy­lyň­ baş­lan­ma­gy,­ gi­je ­bilen ­gün­di­ziň­ deň­leş­me­gi,­ýaý­la­nyň­ ýa­şyl mah­ma­la bes­len­me­gi ­te­bi­ga­tyň­ tä­ze­le­ni­şi­ni ­we­ saz­la­şy­gy­ny da­ba­ra­lan­dyr­ýar. Irki döwürlerde daýhanlarymyz Nowruzdan soň ýazlaga çykypdyrlar we maldarçylyk bilen meşgul bolupdyrlar. Olar ekerançylykda ýere tohum sepipdirler. Bereketli toprakdan bol hasyl almagyň düýbüni tutmaga girişipdirler. Bu ýylyň Nowruzy has-da ygally geldi. Bu bolsa pagtadan, bugdaýdan we beýleki gök we miweli ekinlerden bol hasyl almaga pursat döredýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda uly ilimiz agzybirlik bilen Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar bilen garşy aldy. Bu nurana baýramçylyk ýurdumyzyň ähli ýerinde aýdym-sazyň şirin owazyna beslenip, dabaraly ýagdaýda bellenildi. Nowruz diňe bir bahar paslynyň gelmegini alamatlandyrman, eýsem, halklaryň dost-doganlygynyň nyşany hökmünde hem kalplarda müdimilik orun alýar. Irki döwürlerden bäri halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornaşan Nowruz baýramy goňşy we doganlyk halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňden dabaralandyryp gelýär. Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen ajaýyp baýramdyr.

Bahar paslynyň gelmegi bilen onuň ilkinji buşlukçysy bolan Nowruz baýramynyň adamzadyň durmuşyndaky ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekdäki orny barha ýokarlanýar. Hoşniýetli ynsanperwer goňşuçylygyň we gadymy däplerimiziň pugta berjaý edilýän zamanynda baýramçylygyň bereketli desterhanlaryň başynda garşy alynmagy kalbyňy buýsanja besleýär. Tebigatyň janlanyp, ýaşyl begrese bürenmegi, älem-jahanyň nurlanyp gözel keşbe girmegi kalbyňy guwanç duýgularyna gaplaýar.

Mähriban halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän Halkara Nowruz güni Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmuna eýe boldy. Bu ýatdagalyjy ajaýyp baýram bagtyýar şu günümize hem-de nurana geljegimize buýsanç duýgularyny artdyrýar.

Bezirgen REJEPOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ekerançylyk önümlerini gaýtdan işlemek kafedrasynyň müdiri.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.