YLYM-BILIM — AÝDYŇ GELJEGIMIZ

09-02-26

Her bir ýaşuly nesliň durmuş tejribesi ýaşlar üçin göreldedir. Bilşimiz ýaly ylym-bilim adamzat durmuşynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ylmy milli aýratynlyklary hem-de dünýä ylmynyň ösüş aýratynlyklaryny göz öňünde tutýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň çuňňur ylymly bilimli, dünýä derejeli ylmyň hem ylmy dünýägaraýşyň eýesi bolmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ylym-bilim jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun tutýar, ýurduň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagynda esasy şert bolup hyzmat edýär.

Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ýakyn we orta geljek üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, innowasiýalaryň döwletiň ähli pudaklarynyň ösüşiniň özeni bolmalydyr. Onuň esasynda bolsa, ilkinji nobatda, ylym we bilim hem-de halkara gatnaşyklar bar. 

Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ol elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini öz içine alýar.

Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdepleriniň öňünde ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmegiň anyk ugurlaryny kesgitlemek hem-de bu ugra degişli Maksatnamany taýýarlamak wezipelerini öňde goýdy. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýa bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny çuňlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga hem-de okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna laýyklykda bu ulgamda sanly tehnologiýalaryň hyzmatyndan giňden peýdalanylýar. 

Döwrüň talabyna laýyklykda, milli bilim ulgamynyň özgerdilmegine döwlet Baştutany tarapyndan kabul edilýän wajyp resminamalar gönükdirilýär. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» bar. Bu gün döwletimiziň ösüşiniň depgini döwrebap innowasion tehnologiýalardan kämil derejede baş çykarýan hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, bu ugurda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmen ylmyny ösdürmek maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Bu örän guwandyryjy ýagdaýdyr.

Türkmenistanda sanly bilim ulgamynda täzeçilligi döretmäge we ýaýratmaga, durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen işler toplumlaýyn alnyp barylýar. Ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri ulanylyş mümkinçiligini yzygiderli giňeltmek netijesinde bilim edaralarynda bilim bermegiň mazmunyny baýlaşdyrmak, ruhy gymmatlyklarymyzy, milli terbiýäni hem-de ylmyň täze gazananlaryny utgaşdyrmak giň gerimli işleriň esasy ugrudyr.

Ýokary okuw mekdeplerinde elektron kitaphanalaryň, sanly portallaryň işi ýola goýulýar. Şunuň bilen baglylykda, multimedia serişdeleriniň ulanylmagy maddy çykdajylary azaltmaga, dolandyryşy ýeňilleşdirmäge, maglumatlaryň merkezleşdirilen dolandyrmasyny ýola goýmaga, talyplaryň ýetişigine gözegçilik etmäge, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bilim ojaklarynyň arasynda onlaýn maslahatlary guramaga ýardam edýär. Bu bolsa ylma höwesek ýaşlaryň mynasyp derejede hünär öwrenmegine, ylmy gözleglerini çuňlaşdyrmagyna ýol açýar.Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda yzygiderli ders we ylmy işleriň bäsleşikleri geçirilip, olaryň başarnyklary doly derejede açylyp görkezilýär.

Türkmen ýaşlarynyň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Nurtäç DURDYMYRADOWA,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 14-nji orta mekdebiniň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ỳetiriji.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.