Ýurdumyzyň ulag infrastrukturasy
04-09-24
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan köpugurly, çuňňur oýlanyşykly daşary syýasatyny dünýäde parahatçylygy we sazlaşykly ösüşi üpjün etmäge gönükdirýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine halkara giňişliginde Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda netijeli döwletara gatnaşyklary ýola goýmagyň, sebitde hakyky dostluga, özara ynanyşmaga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde garalýar.
Häzirki wagtda halkara ulag-aragatnaşyk ýollarynyň strategik taýdan ähmiýetli çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyny has doly durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolmak bilen, häzirki döwürde onuň döwrebap ösdürilmeginde esasy orny eýeleýär. Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösüşini täze derejä çykarmaga, halklaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzda ulag infrastrukturasyny ösdürmek meselesi Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň halkara gatnaşyklarynda öňe sürýän esasy strategiki ugurlarynyň biri bolmak bilen, diňe bir ýurt ýa-da sebit möçberinde däl, eýsem, dünýä derejesinde hem hyzmatdaşlygy, durnukly ösüşi, howpsuzlygy, parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Watanymyz bu gün Ýewropa bilen Aziýa-Ýuwaş ummany sebitleriniň transkontinental ykdysady köprüsiniň wezipesini ýerine ýetirýär. Şonuň üçinem, Türkmenistan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça halkara söwda ýollaryny birleşdirýän milli ulag düzümlerini has-da giňeltmek wezipesine uly ähmiýet berýär. Halkara ulag geçelgeleriniň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülýän şertlerinde ýurdumyzyň çäginde yklymyň möhüm ulag merkezleri döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik syýasatyndan, dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alnyp, ulag-logistika ulgamlaryny ösdürmek boýunça möhüm halkara başlangyçlar öňe sürülýär we olary üstünlikli amala aşyrmagyň göreldesi görkezilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamynyň ösdürilmegi boýunça öňe sürlen degişli Kararnamalaryň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilendigini, şeýle hem 2016-njy ýylda ýurdumyzda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň geçirilendigini, soňky ýyllarda ýurdumyzda halkara ähmiýetli awtoulag we demir ýollarynyň, howa menzilleriniň, deňiz portunyň gurlandygyny bellemek gerek. Munuň özi durnukly ykdysady ösüşi goldamakda, halklaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakda we halkara hyzmatdaşlygyny hem-de ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýetli ädimlerdir.
Gahryman Arkadagymyzyň kabul eden «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» ulag ulgamynyň we halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny ösdürmek, dünýäniň hem-de sebitiň ulag-logistika ulgamlarynyň talaplary göz öňünde tutulýar. Resminamada Türkmenistanyň ýol-ulag Kodeksini taýýarlamak, ulag babatda halkara guramalar, şol sanda BMG hem-de onuň sebitleýin komissiýalary, şeýle hem beýleki halkara düzümler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmek bellenilýär. Mundan başga-da, maksatnamada ýurdumyzyň ulag pudagynyň sanly ulgama geçirilmeginiň çäklerinde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmak, geljekde bu ugra eksport we import amallaryny ýerine ýetirýän beýleki döwlet edaralaryny, şol sanda ýurdumyzyň ulag pudagyny baglanyşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmek teklip edilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde ulag-aragatnaşyk kärhanalarynyň işiniň döwrebap derejede guralmagy, serişdeler hem-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän aragatnaşyk enjamlary bilen üpjün edilmegi halka edilýän hyzmatlary ýokary hilli ýola goýmaga uly mümkinçilikleri döredýär. Ähli ulgamlar bilen birlikde, ulag-logistika ulgamynda hem dünýä ähmiýetli döwletli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Atajan NURMYRADOW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.