MILLI YKDYSADYÝETIŇ DÖWREBAP ÖZGERTMELERI
12-03-26
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, importyň ornuny tutýan harytlaryň öndürilişini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň maliýe sowatlylygyny artdyrmak babatda möhümişler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bazar ykdysadyýetiniň döwrebap şertlerinde sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetinde tutýan ornunyň pugtalanmagyna, bäsdeşlige ukyplylygynyň, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna uly ýardam edýär.
Bazar ykdysadyýetiniň häzirki zaman şertlerinde maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň esasy maksatlarynyň biri hem ilatyň pul-karz we durmuş-ykdysady goraglylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, bank we maliýe hyzmatlaryndan işjeň peýdalanylmagyny höweslendirmekden ybaratdyr. Raýatlarymyz öz hyzmat edýän banklarynyň internet sahypalaryna girmek arkaly bank kartlaryny özbaşdak «Internet bank» hyzmatyna birikdirip bilýär. Bu bolsa, bir tarapdan, halkymyzyň gymmatly wagtyny, beýleki bir tarapdan ýol we beýleki harajatlaryny tygşytlamaga ýardam berýär.
Häzirki wagtda bank edaralarynyň durnukly hereket etmegi milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň we ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady giňişligine goşulmagynyň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Şol sebäpden ýurdumyzyň karz edaralary özleriniň müşderilerine internet arkaly menzilara döwrebap sanly bank hyzmatlaryny, ýagny raýatlara hödürlenýän karzlary sanly ulgam arkaly resmileşdirmek bilen ýeňillikleri döretmek ugrunda işler alyp barýar hem-de hödürlenýän bank hyzmatlary babatynda yzygiderli esasda mahabat işleri ilat köpçüligine ýetirilýär. Döredilýän bu amatlyklar bolsa, bank hyzmatlaryndan peýdalanýan müşderileriň we ýerine ýetirilýän amallaryň sanynyň yzygiderli artmagyna, netijede bolsa, ýaşlarymyzyň maliýe taýdan başarnyklarynyň has hem ýokarlanmagyna şert döredýär.
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň wajyp strategiki wezipeleri bolup, ýurduň önümçiligini ösdürmek, bäsleşige ukyply önümleri öndürmäge we çykarmaga gönükdirilen täze maglumat tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak hem-de ýurduň senagat, ylmy-tehniki mümkinçiligini ösdürmegiň hem saklamagyň hasabyna milli ykdysadyýetiň howpsuzlygynyň bähbitlerini üpjün etmek durýar. Hut şonuň üçin hem ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak, onuň gazananlaryny we öňdebaryjy tejribeleri halk hojalygynyň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak maýa goýumlar bilen baglanyşyklydyr.
Täze tehnologiýalaryň girizilmeginiň we ýaýradylmagynyň çaltlandyrylmagy – ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagy netijesinde döreýän global wezipe bolup durýar. Şol wezipelerden ugur alyp hem ýakynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda sanlaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. «Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, welaýatda amala aşyrylan tutumly işler belentden wasp etmäge mynasypdyr.
Hormatly Prezidentimizň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna ýetirmek, giň gözýetimli, durmuşa ukyply, zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Sanly bilimiň, ylmyň we sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine berilýän ünsüň barha güýçlendirilmegi, bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlaryň we hünärmenleriň durmuş tejribesiniň has-da baýlaşmagyna oňyn täsir edýär. Şuňa laýyklykda, ýurdumyzda sanly bilimiň, ylmyň we sanly ykdysadyýetiň ulgamlarynyň ösdürilmeginiň Konsepsiýalary we Maksatnamalary halk hojalyk toplumyny ösdürmek işinde uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Goý, berkarar Diýarymyzy dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly, ösen döwletleriniň hataryna çykarýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Oskar GULATAROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň Sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakulteti
Menejment we innowasiýa tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.