Halk bähbitli özgertmeler durmuşa geçirilýär

06-01-26

«Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň sanly ulgama geçirilmegi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini çözmäge ýardam eder» diýip belleýän Milli Liderimiziň bu asylly işlerini ynamly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Olaryň arasynda ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler aýratyn orun eýeleýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda tassyklanan “Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli amala aşyrylýar. Oňa laýyklykda, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara döredildi. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly wezipeleri amala aşyrmak boýunça pudagara topar hereket edýär. Şeýle-de, häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, işe girizmek we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, maglumat üpjünçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilige ylmy işleri ornaşdyrmak döwrüň möhüm wezipesidir. Şunda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak zerur bolup durýar. Hünärmenleriň belleýşi ýaly, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmekde hem-de ýurdumyzyň jemi içerki önüminde bu ulgamyň goşandyny artdyrmakda, ilkinji nobatda, welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň ilatynyň durmuşynda “sanly tapawudy” aradan aýyrmak möhüm wezipedir.

Sanly ulgama geçmekde “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” örän uly ähmiýete eýedir. Bu Konsepsiýa bilim maglumat gurşawyny döretmäge hem-de bilimiň ähli basgançaklaryny elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Şonuň ýaly-da halk hojalygynyň pudaklaryny sanly ulgama geçirmek uly ähmiýete eýedir.

Bilim ulgamy bilen birlikde, kitaphanalary sanlylaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini aýratyn bellemek gerek. Häzirki wagtda kitaplar elektron göterijilerde hem-de onlaýn düzgüninde elýeterli bolup, kompýuteriň ýa-da ykjam telefonlaryň üsti bilen kitaphana girip, gerekli neşiriň sanly görnüşini almak bolýar. Munuň özi okyja gerekli maglumaty çalt tapmaga, onuň wagtyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Bu işleri amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalarda uly işler alnyp barylýar. Olar bir bütewi elektron kitaphana ulgamyna birleşdirilip, elektron kitap gaznasy yzygiderli baýlaşdyrylýar. Bu babatda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem uly işler alnyp barlyp, olaryň kitap gorlary elektron görnüşe geçirilýär.

Sanly ykdysadyýete geçmekde elektron serişdeleriniň, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalarynyň uly ähmiýete eýedigi öz-özünden düşnüklidir. Şonuň üçin-de ilatyň, esasan-da ýaşlaryň kompýuter sowatlylygyny ösdürmek möhüm wezipedir. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde birinji synpa barýan okuwçylara kompýuterleriň sowgat berilmegi ýaşlaryň täze tehnologiýalardan baş çykarmaklaryna oňyn täsir edýär.

Sanly ykdysadyýetiň dünýäde innowasiýalara, bäsdeşlige ukyplylyga we ykdysady ösüşe wajyp itergi beriji güýç hökmündäki ornunyň barha artýan häzirki zaman tehnologik ösüş meýilleri işewürlige täze mümkinçilikleri açýar, sanly önümçilige geçilmegi bolsa täze pudaklary döretmäge amatly şert bolýar. Şunuň bilen baglylykda, maglumatlary alyşmagyň elektron ulgamlaryny (internet) we olaryň elýeterliligini, kanunçylyk binýadyny we döwletiň elektron hyzmatdaşlygyna doly taýýarlyk derejesini üpjün etmek sanly ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegidir.

Diýarymyzda ösen tehnologiýalaryň önümçiligini ýola goýmak babatda uly tagallalar edilýär. Bu işleriň hatarynda hormatly Prezidentimiz taýsyz tagallalary netijesinde elektron senagatyň ösdürilýändigini bellemelidiris. Bu ugurdan «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmagyň 2020 — 2026-njy ýyllar üçin Meýilnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sanly ykdysadyýet — hasaplaşyklaryň, pul dolanyşygy bilen bagly amallaryň we oňa degişli maglumatlaryň kompýuterleriň, bütindünýä maglumat torunyň kömegi bilen hereketi we onuň dolandyrylmagydyr. Sanly ykdysadyýete geçmek işi täze mümkinçilikleriň açylmagydyr. Ol edaralaryň, kärhanalaryň we adamlaryň özara gatnaşygyny tizleşdirýär we aňsatlaşdyrýar. Sanly ykdysadyýete geçmegiň birnäçe bähbidi we adaty ykdysadyýetden artykmaçlyklary bardyr. Olaryň esaslary zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, kärhanalaryň bäsleşige ukyplylygynyň has-da kämilleşmegine, edaralaryň, kärhanalaryň degişli önümçilik we hojalyk çykdajylarynyň azalmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine getirýär.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli ylym-bilim ulgamy hem halkara ülňülerinde düýpgöter özgerdildi. Häzir hünär derejeli orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim portallary hereket edýär. Munuň özi her bir talyba, mugallyma şahsy saýty bilen portala girip, islendik maglumatlary örän gysga wagtda almaga, gerek bolsa uzak aralyklara ugratmaga ýardam berýär.

Ýaşlara bilim almaga, sapaklary uzak aralyklardan guramaga, dünýäniň döwletleriniň meşhur bilim ojaklary bilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga döredip berýän ­mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Döwletmyrat DÖWLETOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyñ mugallymy.

169eefa8756e01.jpeg
Rus dilini öwrenmekde türkmen-rus gumanitar gatnaşyklarynyň ähmiýeti

Bütindünýä derejesinde ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de ata-baba ynsanperwerlik syýasatyny üstünlikli alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz durnukly ösüş depginleri bilen öňe barýar. Türkmen döwleti özüniň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde dünýäniň ýurtlary bilen deňhukuklylyk esasynda, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar hem-de yzygiderli ösdürýär.


Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.

Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.


TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.


169f2fea920e7f.jpeg
DÖWREBAP MERKEZ

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň okamagy öwrenmegi döretmegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Talyp ýaşlarymyzyň ýokary okuw jaýlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan labaratoriýalarda okan zatlaryny tejribe usulda özleşdirmekleri olaryň okuw sapaklaryna bolan höwesini hasda artdyrýar.


169e8553a1c8a5.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp we möhüm wakalara bagyşlanyp, her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy agzybir halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagyna, her bir raýatyň Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere dahylly bolup, oňa öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.