HIMIÝA SENAGATY ÖSÜŞ ÝOLUNDA
12-05-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirýän beýik işler gülläp ösýän Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny günsaýyn berkidýär. Häzirki wagtda himiýa senagatynda başy başlanan giň göwrümli taslamalar halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, halkymyza ýokary hilli önümleri hödürlemäge uly mümkinçilik döredýär.
Ýurdumyzyň alyp barýan ykdysady syýasatynda himiýa senagatyna aýratyn orun degişli bolup, ol Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösýän pudaklarynyň biridir. Soňky 10 ýylyň dowamynda «Türkmenhimiýa» Döwlet konsernine 3,3 milliarddan gowrak amerikan dollary möçberinde maýa goýuldy. Önüm öndürijilik kuwwaty diňe mineral dökünleriň öndürilişinde häzirki wagta çenli 3 esse artdyryldy. Bäsdeşlige ukyply, dünýä bazarynda uly islegli, ekologiýa taýdan arassa we ýokary tehnologiýaly önümçilikler, halkara ölçegleriniň talaplaryna kybap gelýän himiýa önümleri bu gün döwletimiziň bu pudagynyň daşary ýurtlarda abraýyny üpjün edýär.
Türkmenistan kuwwatly önümçilik düzümleriniň döredilmegini, ýurdumyzyň öz çig mal serişdeleriniň hem-de tebigy baýlyklarynyň binýadynda ýokary hilli önümleriň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmagy ugur edinmegi netijesinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýänleriň sany barha artýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasatynyň dabaralanmasy netijesinde daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly şertler döredilip, açyk we okgunly ösýän türkmen bazarynda daşary ýurt kompaniýalarynyň işlemegi üçin oňyn şertler döredilýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, dünýäniň ösen tehnologiýalar tejribesine we innowasiýalara daýanyp, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrýarys, ýurdumyzy durmuş taýdan ösdürmekde guwandyryjy üstünlikleri gazanýarys.
Bu maksatnamanyň çäginde ykdysadyýetimizi doly döwrebaplaşdyrmaga, kuwwatly senagat düzümini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Senagat kärhanalarynda innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de iň gowy daşary ýurt tejribesini giňden ornaşdyrmaga-da aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň bilen birlikde, senagat pudagynyň düzümlerinde gaýtadan işleýän innowasion toplumlary döretmek, ýerli çig mal esasynda pudak üçin zerur bolan serişdeleriň öndürilýän möçberlerini köpeltmek, bilelikdäki kärhanalaryň işini ýola goýmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça strategik wezipeler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň himiýa senagaty, çig mala bagly gaýtadan işleýän ulgamlary toplumlaýyn we innowasion esasda döwrebaplaşdyrylýar. Häzirki wagtda bu ulgam dünýä ylmynyň we tejribesiniň iň öňdebaryjy gazananlaryna esaslanýan türkmen ykdysadyýetini senagat taýdan ösdürmegiň esasy ugrudyr.
Türkmenistanda halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmaga gönükdirilen tutumly başlangyçlar senagat pudaklarynyň okgunly ösüşine-de itergi berýär. Geljegi uly hem-de eksport ugurly bu pudaklarda Diýarymyzyň täze ykdysady belentliklere çykmagyna, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň maksatlary öz beýanyny tapýar.
Himiýa senagatynyň ýerli çig mala esaslanýan önümçiliginiň mümkinçilikleriniň doly derejede peýdalanylmagy bilen azyk bolçulygy, içerki bazaryň ýokary hilli önümler bilen üpjünçiligi we himiýa önümleriniň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygy ýaly strategik wezipeleri üstünlikli çözmäge mümkinçilik döredýär. Milli ykdysadyýetimiziň çig malsyz ösüş ýoluny üpjün etmekde, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän önümleriň görnüşlerini we öndüriliş möçberlerini artdyrmakda, eksport kuwwatlylygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen önümçiliginiň giňeldilmeginde senagat ulgamynyň çig mallary gaýtadan işleýän beýleki pudaklary bilen birlikde, himiýa senagatyna hem uly orun degişlidir
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary tehnologiýalary ulanýan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ykdysadyýete geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň birine öwrüldi. Bu bolsa, ilki bilen, ýurdumyzyň pudaklarynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşmegine, IT tehnologiýalaryň we häzirki zaman hyzmatlarynyň giňden ornaşdyrylmagyna bagly bolup durýar.
Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir güni uly üstünliklere beslensin, eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň şan-şöhraty asyrlardan-asyrlara uzasyn! Gahryman Arkadagymyzyň ösüşli ýoluny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan ýurt bähbitli işleri uly üstünliklere beslensin!
Ogulşat BERDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň magistranty.
Maýa GURBANGELDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.