Ýoluňyz ak bolsun, halkyň saýlany!
25-03-22
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda ýaňy-ýakynda bolup geçen Prezident saýlawlary we onuň netijeleri barada oýlananyňda, bu taryhy wakanyň il-halkymyzyň mundan beýläk-de parahat, eşretli durmuşy nazarlaýan päk arzuw-islegleriniň asuda, erkin, buýsançly ýagdaýda ýüze çykmasydygyna göz ýetirmek bolýar. Mälim bolşy ýaly, ählihalk saýlawlarynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň dokuzysyndan saýlawçylaryň arasynda giň goldaw tapyp, iň köp ses alan hormatly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti diýlip ykrar edildi. Bu taryhy wakanyň öňüsyrasynda biz ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda döwleti dolandyrmak işini mundan beýläk ylymly-bilimli, tejribeli hem gujurly ýaş ýolbaşçylara ynanmak baradaky oýlanyşykly teklibini tüýs ýürekden goldamak bilen, ykbal kesgitleýji, guwançly wakanyň şaýady bolduk.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde açyklyk, aýdyňlyk, deňhukuklylyk we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanan Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmeginde, döwletimiziň daşary syýasatynda parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna mynasyp goşant goşup, görnükli döwlet işgäri hökmünde ykrar edildi. Serdar Berdimuhamedowyň bu ynamly ýeňşi eziz Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ykdysady kuwwatyny mundan beýläk hem artdyrmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň milli ýolunda Türkmenistany depginli ösýän, parahat, asuda ýurt hökmünde dünýä tanadan Gahryman Arkadagymyzyň saýlap alan ösüş ýoluny mynasyp dowam etdirmek boýunça yglan eden maksatnamasynyň halkymyz tarapyndan uly goldawa eýe bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan döwletimizde milli demokratiýanyň dabaralanýandygyny, il bähbidiniň ähli zatdan ileri tutulýandygyny ýene-de bir gezek äleme äşgär eden Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen nobatdan daşary mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ata Watanymyzy gülledip ösdürmegiň, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň täze badalgasydyr. Saýlawlaryň öň ýanynda yglan eden maksatnamasynda hem bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz il-güne, Watana ak ýürekden, yhlasly işlemegi kalbynda besläp, geljekde türkmen halkyny hemmetaraplaýyn bagtyýar durmuşy üpjün edilen, ýokary şertlerde ýaşaýan ösen millete öwürmekde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan amala aşyrylyp gelýän özgertmeleri has işjeňleşdirmegi maksat edinýär.
Eziz Diýarymyz ýeňişlerden-ýeňişlere, üstünliklerden-üstünliklere ynamly öňe barýar. Ata Watanymyzyň ösüşleriniň kepili bolan maksatnamalar durmuşa geçirilýär, iri halkara we milli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny işjeň amala aşyrýan döwlet hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýar. Ýurdumyzyň syýasatynda, ykdysadyýetinde, medeniýetinde, halkara gatnaşyklarynda gazanylýan beýik üstünlikler we ýetilen sepgitler ata Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende göterýär.
Döwletimiziň parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen içeri we daşary syýasaty netijesinde, Türkmenistan dünýä bileleşiginde mynasyp orny eýeleýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýola goýlan hoşniýetli hyzmatdaşlyklaryň we gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde, ýurdumyzyň halkara duşuşyklaryň, maslahatlaryň mekanyna öwrülmegi, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi, Diýarymyzyň merjen paýtagty Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, ýurdumyzyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan eden teklibiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan biragyzdan goldanylmagy Türkmenistan döwletimiziň ynsanperwer, hoşniýetli hyzmatdaşlyga ygrarly, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu beýik işler mynasyp dowam etdirilip, ýurdumyzyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdüriljekdigine we ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende galjakdygyna türkmen halky berk ynanýar.
«Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn» diýip, mukaddes Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan döwlet Baştutanymyzyň belent başy aman, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Mekan AKMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.