“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildi halkymyza sowgat berildi
21-11-24
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 9-njy oktýabrynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze neşir ýurdumyzda giňden bellenilýän hünär baýramynyň — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edildi.
Kitap lukmançylyk ulgamynyň işgärleri, dermanlyk çig mallaryny taýýarlaýanlar we ýygnaýjylar bilen birlikde giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. Hormatly Prezidentimiziň gymmatly gollanmalarynyň dowamy bolan ylmy-ensiklopedik neşiriniň täze jildinde dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy barada giňişleýin berlen maglumatlary almak bolýar. Kitapda her bir dermanlyk ösümligiň surety berilýär. Bu bolsa şol dermanlyk ösümligi tanamaga, ýygylanda görmäge, deňeşdirmäge kömek edýär. Şeýle-de kitapda her bir dermanlyk ösümligiň häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, ýaýrawy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy, ulanylyşy we ondan derman taýýarlanylyşy baradaky maglumatlar giňişleýin berilýär.
Okyjy dermanlyk ösümlikleriň atlarynyň türkmençe, latynça, rusça sözlügi, dermanlyk çig mallaryny ýygnamaklygyň senenamasy bilen tanşyp biler. Senenamada ösümlikleriň ady, olaryň köküni, ýapragyny, otuny, gülüni ýada miwesini, şahasyny, gabygyny haýsy aýda ýygnamalydygy görkezilipdir. Saklanyş möhletiniň giňden düşnükli edip beýan edilmegi bolsa, ylmy eseriň täsirliligini artdyrýar.
Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň hakyky ensiklopediýasyna öwrülen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitaby soňky ýyllaryň dowamynda diňe bir ýurdumyzyň lukmanlary we derman senagatynyň işgärleri üçin däl, eýsem, dünýäniň köp halklarynyň diline terjime edilmegi arkaly köp sanly daşary ýurtly hünärmenler üçin ähmiýetli gollanma öwrüldi.
Milli Liderimiziň 2009-njy ýylda başyny başlan düýpli ylmy işiniň dowamy bolan ylmy-ensiklopedik kitabyň täze jildiniň üsti bilen okyjylar etraplaşdyrylan we ýabany ösümlikler bilen ylmy nukdaýnazardan tanşyp bilýär. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler hem-de milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerine terjime edilip, daşary ýurt okyjylarynyň millionlarçasyna elýeterli boldy. Ol ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygy ösdürmegiň pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini özünde jemleýän nusgasyny döretdi.
Ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň, miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ylmyna uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi hem-de däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary ýurdumyzyň tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem mümkinçilik döreder. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinmek bilen, dermanlyk ösümlikleriniň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary baradaky maglumatlary özünde jemleýär.
Milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň täze jildinde “tebigy dermanhana” yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär. Şeýle hem eser ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna goşant goşar.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Jahan LAMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy l.y.k.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklary serhet geçelgeleriniň geçirijiligini artdyrmagy maslahatlaşdy
Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklary iki ýurduň arasynda halkara awtomobil gatnawlaryny mundan beýläk-de çaltlandyrmak hem-de “Farap” we “Alat” serhet geçelgeleriniň geçirijilik mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komiteti anna güni habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
7-nji noýabrda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren umumymilli çäre halal zähmetiň joşguny we belent ruha beslenen aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşyklylykda dowam etdi.
Özbek telekeçileri Türkmenbaşy portunyň logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdylar
Özbek telekeçileri Türkmenistana amala aşyran işewürlik saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy halkara deňiz portuna baryp, onuň infrastrukturasy, ýük geçirijilik mümkinçilikleri hem-de eksport-import ýüklerine hyzmat etmek üçin döredilen şertleriň ýagdaýy bilen tanyşdylar. Bu barada Özbegistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
8-nji noýabrda ýurdumyzda türkmen topragynyň berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän Garagum derýasynyň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Ulag-aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar
Ulag we aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annaýewiň hasabatynda bellenildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.