MILLI HUKUK ULGAMYMYZYŇ BERK BINÝADY
10-10-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli döwletlilik, halk häkimiýetini berkarar etmek baradaky gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerden, halkymyzyň baý durmuş tejribesinden ugur alýan hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oýlanyşykly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we berkitmek ugrunda kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi, döwlet häkimiýet edaralarynyň netijeli işlemegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Munuň özi döwletimiziň hukuk esaslaryny berkitmek arkaly ösüşlerimiziň has-da rowaçlanmagyna, ýurdumyzyň kuwwatlanmagyna alyp barýar.
Täze taryhy eýýamda döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga, ata Watanymyzyň parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitlere çykmagyny üpjün etmäge gönükdirilen yzygiderli çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Şol sanda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň mazmunyny hem-de ähmiýetini ilat arasynda düşündirmek elbetde jemgyýetçilik edaralarynyň işgärleriniň esasy wezipesi bolup durýar. Munuň özi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginde, Watanymyzyň mundan beýläk-de belent sepgitleri eýelemeginde örän ähmiýetlidir.
Ýurdumyzda milli kanunçylygymyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmegi bagtyýar raýatlarymyzyň bähbidinden ugur alýar. Olaryň azatlyklarynyň we hukuklarynyň goraglylygyny ygtybarly üpjün edýär. Bu babatda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna” laýyklykda “Ilatyň durmuş we zähmet taýdan üpjünçiligi, adam maýasyny ösdürmek” atly 22-nji bölüminde geljek otuz ýylyň dowamynda raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmaga, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler kesgitlenýär. Mundan başga-da Türkmenistany ösdürmegiň esasy ugurlarynyň 2022-2052-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda “Zähmet, ilatyň iş bilen üpjünçiligi, durmuş hyzmatlary, durmuş üpjünçiligi çygrynda kanunçylygy kämilleşdirmek, zähmeti goramak, iş bilen üpjünçilik, durmuş taýdan goraglylyk” meseleleriniň goýulmagy döwletimizde adam hakyndaky aladanyň ýokary derejededigini ýene bir gezek subut edýär.
Dünýäniň çalt umumylaşýan häzirki şertlerinde berkarar döwletimiziň halkara tejribä daýanýan kanun çykaryjy edaralary hem kämilleşýär we özgerýär. Ýurdumyzda demokratik başlangyçlary ykrar etmek we ösdürmek, döwletimiziň adam hukuklary babatdaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge hem aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny täze sepgitlere tarap ýokary depginler bilen öňe barýan hemişelik Bitarap döwletimizde bolup geçýän, halkymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin kanunçylyk binýady bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň döwrebap Konstitusiýasy yzygiderli kämilleşdirilýän milli hukuk ulgamymyzyň berk binýady bolmak bilen, ata-babalarymyzyň arzuwlap gelen we biziň günlerimizde hasyl bolan ajap eýýamyň - adalatyň berkarar bolmagynyň hem-de milli demokratiýamyzyň dünýä ýaň salmagynyň aýdyň nusgasy bolup hyzmat edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlan röwşen ýoly bilen öňe barýan ýurdumyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bagtyýarlygyň, parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, ygtybarlylygyň we asudalygyň mekanyna öwrüldi. Diýarymyz sebitde, şeýle hem bütin dünýäde ajaýyp ýaşaýşyň höküm sürýän jennet diýary hökmünde tanalýar. Munuň üçin bolsa bütin türkmen halkynyň Gahryman Arkadagyna hem-de Arkadagly Gahryman Serdaryna söýgüsiniň çägi ýokdur.
Gülnara ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.