Sanly bilim – kämilligiň gözbaşy

19-10-24

Biziň türkmen Diýarymyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Ynha, bu gün hem ýene bir biziň üçin ýatdan çykmajak şanly seneleriň birine şaýat bolup durus. Ýagny biziň 129-njy orta mekdebimizde “Açyk gapylar güni” giňden dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Bu ylmy-döredijilik çärämiz “Ýaşlar bilen aýdyň geljegimizi gurýarys” diýen tema bilen esaslandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhuhamedowyň “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip belläp geçen sözlerinden ugur alyp, ýaş nesillere döwrebap bilim bermekde biz-bilim işgärleri yhlasly zähmet çekýäris. Häzirki wagtda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” üstünlikli durmuşa geçirmekde öz goşandymyzy goşýarys. Döwrüň talabyndan ugur alyp, bilim-terbiýeçilik edaralarymyz işiň guralşyna täzeçillikler girizilýär.

Ýaş öwrenijilere inženerçilik we programistik ukuplaryny açyp görkezmekde netijeli işler alnyp barylýar. Ynha, görşümiz ýaly biziň, orta mekdebimiziň zehinli okuwçylary hem robottehnika ugrundan täze çemeleşmeleri içkin öwrenip, mekdep okuwçylarynyň arasynda öz hünär başamyklary boýunça ýasan “Rase we Sumo” ýaryşyna özara bäsleşdiler. Ondan başga-da ýene belläp geçmeli zatlarymyzyň biri hem okuwçylarymyzyň taýýarlan döredijilik taslama işleriniň ýaryşyna hem badalga berildi. Ýene-de döredijilik bäşleşilerimiziň biri-de iňlis dilinden I-XII synp okuwçylarynyň arasynda ýaş aýratynlyklaiyny göz öňünde tutup, test gömüşine ýaryş guradylar. Bu bolsa häzirki wagtda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýene bir gezek guwäsi bolup durýar.

Ýaş nesillere bilim bermekde dünýäniň öňdebaryjy tehniki serişdelerini bilim ulgamyna girizmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin biz – ýaşlar, bilim işgärleri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsun aýdýarys. Goý, olaryň janlary sag, başlary aman, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Ogulnäzik HOJAGULYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 129-njy orta mekdebiniň I derejeli başlangyç synp mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.