Magtymguly diýip adym tutsalar...
16-06-25
«Berkarar döwlet islärin» diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwründe eden arzuwlary bu günki gün hakykata öwrüldi. Ýurt binamyzyň binýady gaýym guruldy. Bu günki gün agzybir türkmen halkymyz hormatly Prezidentimiziň eýe eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň egsilmez eşretlerini görüp, agzybirlikde, asudalykda ýaşaýar. Bu barada şahyryň döredijiligine çuňňur sarpa goýup, ony dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri: «Magtymguly Pyragynyň arzuwlan türkmen döwleti özüniň häzirki bagtyýarlyk döwründe ösüşleriň ak ýolunda özüniň bedew bady bilen ynamly öňe barýar» diýip, buýsanç bilen belläp geçýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryna, edebi mirasyna uly sarpa goýulýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda geçen ýyl “Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edildi, şeýle hem akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy giň gerim bilen bellenip, uly toý tutuldy. Çünki, bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda - berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiliginiň, edebi mirasynyň sarpasyny belentden tutýar.
Magtymguly atamyzyň bugdaý ýaly sünnäli setirleri ýaly jümleleri deňsiz-taýsyz hazynadyr, edebi mirasdyr. Şahyr özüniň gyzyldan gymmatly eserlerinde türkmen halkynyň syýasy-ykdysady durmuşyny, umyt-arzuwlaryny, ähli asylly sypatlaryny şahyrana keşpler arkaly ussatlyk bilen suratlandyrýar. Beýik söz ussadynyň ajaýyp hikmetleri — parasatly sözleri diňe türkmene däl, adamzada hyzmat etmegiň nusgalyk mekdebi, ýolgörkeziji şamçyragy bolup durýar. Ýeri gelende, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda hem Magtymgulynyň pentlerine, ata-babalarymyzyň mizemez, ajaýyp ýol-ýörelgelerine eýerilýändigini-de ýatlap geçesimiz gelýär. Watançylyga, ynsanperwerlige ýugrulan bu çuň mazmunly eser özündäki täsin pursatlary we akyl çeşmesinden akyl almagy, danalara uýmagy başarýan gahrymanlary bilen ýaşlar üçin uly ýörelge, mekdep bolup hyzmat edýär.
Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şu ajaýyp bagtyýarlyk zamanamyzda akyldar şahyrymyzyň döredijiligine uly sarpa goýlup, ony dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň göwün guşuny ganatlandyryp, buýsandyrýan asylly, döwletli işler amala aşyrylýar. Şu ýerde käbir mysallara ýüzlenip geçsek ýerlikli bolsa gerek. Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen baglanyşykly dabaralar, uly möçberli çäreler tutuş ýurdumyzy gurşap aldy. Olara gatnaşmak bagty miýesser eden raýatlarymyzda we daşary ýurtlardan gelen myhmanlarda şol dabaralar hem-de çäreler ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi. «Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary» atly ylmy maslahata 50-den gowrak döwletden alymlardan, edebiýatçylardan we magtymgulyşynaslardan ybarat düzümde myhmanlaryň uly topary gatnaşdy.
Her ýyl indi ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlap welaýatlarymyzda Medeniýet hepdeligini geçirmek hem asylly, döwrebap däpleriň birine öwrüldi. Medeniýetimiziň we sungatymyzyň Hak hossary bolan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary bilen indi ençeme ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýän bu hepdeligiň milli medeniýetimizi ösdürmekde, milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmakda, şeýle-de zähmetsöýer, agzybir halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmekde ähmiýeti diýseň uludyr.
Şöhrat HUDAÝBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallym owrenijisi.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.