MAŞGALA GYMMATLYKLARYŇ MILLI ÖWÜŞGINI

03-11-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly tagallalary netijesinde jemgyýetiň möhüm bölegi bolan maşgalanyň ruhy we maddy binýadyny berkitmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman obalar, şäherler, döwrebap ýaşaýyş toplumlary gurlup, ýaş maşgalalara uzak möhletli ýeňillikli karzlar bilen ýaşaýyş jaýyny edinmäge döredilýän giň mümkinçilikler maşgalanyň maddy binýadyny berkidýär. Bu bolsa, öz gezeginde, maşgala gymmatlyklaryndaky milli ýörelgelerimizi goramak bilen birlikde, ony döwrebap milli öwüşginler bilen baýlaşdyrýar.

Maşgala jemgyýetiň bir düzüm bölegi bolup, ilkinji özara gatnaşyklar onda döreýär we kämilleşýär. Berk maşgalany kemala getirmek babatynda pederlerimiz bize nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar. Şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinde türkmen zenany maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň gönezligi, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy hasaplanypdyr. Zenanlar geçmişimiziň buýsanjy, şu günümiziň guwanjy, geljegimiziň ynamy bolup, iň asylly häsiýetleri özlerinde jemläp, maşgala mukaddesliklerimizi gorap saklamak bilen, paýhaslylykda, edep-ekramlylykda, salyhatlylykda, asylzadalykda, gaýduwsyzlykda, wepalylykda, watansöýüjilikde türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülipdir. Her bir maşgalada ata-enäni sylamak, ululara we daş-töweregindäki adamlara hormat goýmak kiçiliginden çagalaryň gursagyna guýmaga çalşylýar. Maşgalada we köpçülikde tertip-düzgüni saklamak, pederlerimizden miras bolup gelýän edep kadalaryny berjaý etmek milli terbiýämizden gözbaş alýar. Il sylagly ýaşulularymyz, kümüş saçly enelerimiz bolsa şol terbiýäniň nusgalyk mekdebidir.

Gahryman Arkadagymyz “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly eserinde: “Maşgala ojagynda berlen terbiýäniň perzendiň tutuş geljegine täsir edip bilýändigi hakykatdyr. Gül-gunçaly bagtyýarlygyň ilkinji gämikleri öýde - maşgala ojagynda peýda bolýar. Dogry-dürs berlen terbiýe ynsanyň dünýä hem-de durmuşa bolan garaýyşlarynyň özenini düzýär” diýip bellemek bilen, döwletiň sütünleriniň berk bolmagy üçin nesilleriň terbiýesine juda jogapkärli çemeleşmegimiziň wajypdygyny nesihat edýär. Alym Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, geljekde biz öz ýaşlarymyzy nähili keşpde, orunda, mertebede görmek isleýän bolsak, olara şu wagtdan şol terbiýäni bermegimiz zerurdyr. Çünki, ata-ene we perzent gatnaşyklary asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň uly üns beren meseleleriniň biridir. Halk döredijiliginde, söz ussatlarynyň eserlerinde bular dogrusynda täsirli wakalar bilen beýan edilýär. Ösüp gelýän ýaş çaga ata-enesinden görelde alýar. Olaryň hereketlerini, sözleýişlerini öz durmuşynda gaýtalaýar.

Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 1-nji maddasyna laýyklykda, maşgala - bu adamlaryň nikadan, garyndaşlygyndan, ogullyga ýa-da gyzlyga almagyndan, çagalaryň maşgala kabul edilmeginiň başga görnüşinden gelip çykýan şahsy emläk däl we emläk hukuklary we borçlary bilen baglanyşykly toparydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda: “Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar” diýlip  bellenilmegi biziň Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimizde çagalaryň maşgalada terbiýelenip, maşgalanyň bolsa döwlet tarapyndan goldanylýandygyny dabaralandyrýar.

Maşgala gatnaşyklarynda ilkinji berjaý edilmeli kadalaryň biri-de, nikalaşan jübütleriň bir-birlerini sylamagy, hormatlamagy maşgalanyň her bir agzasynyň öz pikirini aýtmaga hakynyň bardygyny hem-de onuň pikirine beýlekileriň hormat goýýandygyny bilmeginden ybaratdyr. Durmuşda nähili mesele ýüze çyksa-da, çagalar ony maşgala agzalarynyň arasynda aç-açan aýdyp bilmelidir. Munuň üçin ene-atalar, öz gezeginde, çagalar üçin bu ýagdaýy, ýagny amatly pursady döretmegi, gündelik işiň argynlygyna garamazdan, çagalary diňlemegi, olar bilen gyzyklanmagy, bile wagt geçirmegi başarmalydyrlar. Durmuşda kiçilikden gulagyňda galan milli edebimizi, däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi durmuş sapaklarynyň üsti bilen biziň günlerimize getiren ene-mamalarymyzyň pent-nesihatlary bu günki nesillerimiz üçin edep mekdebi bolup hyzmat edýär.

Maşgala gatnaşyklaryny ösdürmek, ony gorap saklamak, çaganyň terbiýesi jemgyýetimizde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde her bir maşgalanyň abadanlygy, sagdynlygy ugrunda döwlet derejesinde alada edilýär. Maşgalany durmuş taýdan goramak babatda tutumly işler amala aşyrylýar. Öz gadyr-gymmatyny ýitirmän, şu günlerimize gelip ýeten edep kadalarymyzy, asylly ýörelgelerimizi ýaş nesillerimiziň durmuş endiklerine öwürmekleri üçin bimöçber tagallalar edilýär. Sebäbi maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça jebis bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her bir maşgala eşretli durmuşda ýaşaýar, her bir öýde bagtyýarlyk höküm sürýär. Şeýle eşretli durmuşy peşgeş berendigi üçin bagtyýar raýatlarymyz Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Tawus ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.