BEREKEDIŇ BAÝRAMY
10-11-24
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň netijesinde oba hojalyk pudagynda giň gerimli işlere badalga berlip, döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar.
Oba hojalyk pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, daýhanlary tohum, tehnika, dökün, suw bilen üpjün etmek, tabşyran hasyly üçin hasaplaşyklary wagtynda geçirmek we beýleki goldaw-hemaýatlary bermek bilen bagly edilýän tagallalar özüniň oňyn netijesini berip, oba zähmetkeşlerini päk zähmete ruhlandyrýar. Şeýle bolansoň daýhanlarymyz sahawatly topraga hyzmatyny, yhlas-azabyny gaýgyrman zähmet çekip, Watanymyzyň bereket-bolçulygyna saldamly goşandyny goşýarlar.
Daýhanlarymyzyň her biri ýylboýy tutanýerli zähmet çekip, Hasyl toýuna mynasyp önümçilik görkezijileri bilen barmagyň arzuwynda. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryndan we milli däp-dessurlaryndan alyp gaýdýan Hasyl toýy il agzybirliginiň, halkymyzyň zähmetsöýerliginiň baýramydyr. Hasyl toýy diýlende ilki bilen edermen babadaýhanlarymyzyň maňlaý derini döküp, irginsizlik bilen yhlasly çeken zähmetleriniň miweleri göz öňüňe gelýär. Çünki, daýhanlarymyzyň çekýän halal zähmetinden sahawatly türkmen topragyndan ekinleriň, ir-iýmişleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilip, ýurdumyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il bähbitli işleri netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy ýokary ösüşlere eýe bolýar. Daýhanlarymyz Arkadag Prezidentimize alkyşlar aýdyp, ene topraga yhlas siňdirýärler, bol hasyl öndürmäge we belent sepgitlere ýetmäge, tutanýerli zähmetiniň netijesini görmäge has-da höweslenýärler.Her ýyl oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl alyp, ajaýyp toýy zähmet sowgady bilen garşylaýan babadaýhanlarymyzyň sany az däldir. Şeýle daýhanlarymyz Hasyl toýuna uly şatlyk, begenç we buýsanç bilen barýarlar. Edermen daýhanlarymyzyň çekýän irginsiz zähmetine mynasyp baha berilmegi, döwletimizde oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli şertleriň döredilmegi ählimiziň göwnümizi galkyndyrýar.
Halkymyzyň ekerançylyk medeniýetini barha kämilleşdirip, häzirki zaman ekerançylyk ylmy bilen utgaşdyrmakda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Yslam Döwletgeldiýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.