MILLI “AK BUGDAÝ” MUZEÝI

10-11-24

Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen halky müňýyllyklaryň ýaňyny siňdiren ýüzlerçe taryhy - medeni ýadygärliklere, edebi gymmatlyklara, golýazma çeşmelerine baýdyr» diýip örän jaýdar belleýär. Çünki, biziň ata Watanymyz Türkmenistan Merkezi Aziýada taryhy ýerlere arheologik we binagärlik ýadygärliklerine örän baý ülkedir.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň medeniýetiniň ösdürilmegine, taryhy-medeni ýadygärlikleri, gadymy maddy medeniýetimizi has çuňňur öwrenmek, gorap saklamak, dikeltmek we wagyz etmek boýunça çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegine, gadymy taryhy ýadygärlikleriň gaýtadan dikeldilmegine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzdaky gadymy ýadygärlikleriň, muzeýleriň, kitaphanalaryň adamzat medeniýetinde tutýan orny örän uludyr. Muzeýlerimiz halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý milli mirasyny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.

Milli “Ak bugdaý” muzeýi hem özüniň binagärlik gurluşy boýunça başga bir zada meňzedip bolmajak asmana uzaýan altyn sümmül bugdaý dessesini ýatladýar. Ol 2005-nji ýylda Aşgabatdan uzak bolmadyk ýerde tebigy belentlikde Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi Änewe barýan ýoluň ýakynynda guruldy. Muzeýiň umumy meýdany 32müň inedördül metr bolup, onuň 18müň inedördül metrden gowrak ýerini bagy-bossanly seýilgähi tutýar. 3 gat jaýyň umumy beýikligi 21 metrdir.

Bu täsin binagärlik kompozisiýasy milletiň gadymdan gelýän gymmatlyklarynyň dikeldilmegini, ata-babalarymyzyň baý mirasynyň türkmen halkyna gaýtaryp berilmegini şöhlelendirýär. Muzeýiň 1-nji we 2-nji gatlarynda arheologiýa, oba-hojalyk we ekerançylyk, etnografiýa hem-de Garaşsyzlyk atly 4 sany sergi bölümleri ýerleşýär. Binanyň aşaky gatynda maslahat geçirilýän 200 orunlyk zal, iş otaglary, myhmanlary kabul etmek we muzeýiň işgärleriniň dynç almagy üçin niýetlenen otaglar, telekommunikasiýa we maglumatlar merkezleri, naharhana we beýleki ýörite otaglar ýerleşýär.

Muzeýiň sergi zalynda Köpetdagyň etegindäki düzlükde ekerançylyk bilen meşgullanan b.e.öňki gadymy Jeýhun VI-V we Änew IV – III müňýyllyklarda medeniýetlerine degişli obalardan, taryhyny b.e.öňki III asyrdan alyp gaýdan gadymy Parfiýa şalygyna hem-de orta asyrlarynyň dürli döwürlerini öz içine alýan taryhy galalardan we depelerden tapylan milli gymmatlyklarymyzyň täsin nusgalary görkezilýär.

Maksat Jümmiýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.