Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy – milli terbiýäniň nusgalyk mekdebi

04-11-25

Her bir halk özüniň milli gahrymanyny ezizleýär, oňa kalbyndan hemişelik orun berýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem şeýle ägirtleriň biridir. Magtymguly Pyragynyň şygryýetini iň bir beýik zatlara, gymmatlyklara deňemek bilen bir hatarda, olary türkmen kalbynyň aýnasy diýip hem suratlandyrýarlar. Akyldaryň şygyrlaryny agzybirlik, päkgöwünlilik, halallyk çakylykçysy diýip atlandyrmak bilen, olary egsilmeýän derýa, ynsanlary ruhy teşnelikden gandyrýan güzere meňzedýäris. Söz ussadynyň her bir setiri watansöýüjilige, agzybirlige, bir-birege hormat-sylaga çagyrýar. Ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly baýram edilmegi her birimiziň göwnümizi ganatlandyrýar.

Türkmen halkynyň durmuşynda ähli döwürlerde bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de Magtymguly Pyragynyň her bir setiri ýaş nesil üçin terbiýe mekdebi bolup durýar. Akyldaryň çuňňur mana eýlenen setirleri her bir türkmeniň çagalygyndan, ýaşlygyndan ýüreginde ýaşap ugraýar. Hut şonuň üçin-de geçen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda akyldar Pyragynyň 300 ýyllygynyň uludan bellenilmegi her birimiziň ruhumyzy galkyndyrdy. Magtymguly Pyragynyň öňe süren watanperwerlik, ynsanperwerlik, ylymlylyk, danalyk, wepadarlyk, adalatlylyk, halallyk, rehimdarlyk, il-güne sylag-hormat goýmak, edermenlik, mertlik, ruhubelentlik, hünärlilik ýaly kämil ahlak sypatlary onuň adyny daglardan, derelerden, asyrlardan hem-de ähli eýýamlarda aşyran filosofik hakykatdyr, şeýle hem ýaş nesilleri terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir. Şahyryň ideýalaryny okap öwrenen we onuň pendini tutan adamda geçmişe, şu güne, şeýle hem geljege çäksiz buýsanç we guwanç duýgularyny döredýän ruhy kuwwatlykdyr.

Adamzadyň altyn genji-hazynasyna öwrülen akyldar şahyryň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek hem dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen, onuň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ýörite internet portalyň dörediljekdigi bu ugurdan uly utuşlary getirjek başlangyçdyr. Munuň özi akyldar şahyrymyzyň şygryýet dünýäsiniň muşdaklarynyň sanynyň dünýä ýüzünde has-da artmagyna getirer diýip ynanýarys. Bu günki gün Pyragynyň şygyrlarynyň türk, rus, iňlis, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, rumyn we beýleki dillere terjime edilendigini ýatlamagyň özi-de akyldaryň paýhas ummanynda gulaçlaýanlaryň sany barada pikir ýöretmäge mümkinçilik berýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli ugurlarda ösüşleriň iň bir häzirkizaman ugrunyň saýlanyp alynmagyna uly üns berýär. Bu babatda sanly tehnologiýalaryň durmuşymyza barha giňden ornaşdyrylmagy ösüşleri nazarlaýan gadamlarymyzyň badyna bat goşýar. Taryhyň gatlaryny agdaryşdyryp görseň, türkmeniň ady bilen baglanyşykly ýollarda goluna galamyny alyp, ummasyz ruhy baýlygy - şygyrlary bilen töwerek-daşyna, tutuş adamzada ruhubelentlik, merdanalyk, watanperwerlik paýlap ýören şahyrlaryň keşbi örboýuna galýar. Munuň özi türkmeniň ykbalyň dürli synaglaryna sezewar bolan döwürlerinde-de ruhubelentligini gapdalyndan goýmandygynyň subutnamasy. Şonuň üçinem bu günki gün Magtymguly Pyragynyň ady tutulanda, onuň ölmez-ýitmez şygyrlary bilen birlikde ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda geçen şan-şöhratly ýoly, kalbynda ýaşadan arzuw-umytlary göz öňüňe gelýär. Magtymguly Pyragy öz döwrüniň öňe süren ýiti meseleleriniň oňyn çözgüdini ýürek nagmalarynyň üsti bilen beýan edipdir. Türkmenleriň bir döwlete birikmek, goňşy halklar bilen dostlukly ýaşamak baradaky pikirleri diňe bir akyldar şahyryň setirlerinden däl, eýsem, halkyň ýüreginden hem hemişelik orun alypdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe berkarar döwlet barada arzuw eden şahyryň röwşen umytlarynyň durmuşa geçen zamanasynda pederlerimiziň kalbynda göterip, nesillere miras galdyran ruhy gymmatlyklary täze röwüşde örboýuna galýar. Ol gymmatlyklar ajaýyp döwrümizde dünýä ýüzüne türkmeniň kalbynyň ruhubelentlik aýdymyny paýlaýar. Türkmeniň ruhy dünýäsi bolan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň uludan tutulan toýy pederlerimiziň päk arzuwlaryny äleme ýaýdy.

Goý, milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda asyrlara barabar işleri durmuşa geçirýän, akyldarlarymyza bimöçber hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri has hem rowaçlyklara beslensin!

Tawus ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.