BITARAPLYK — BAGTYÝARLYK BADALGASY
28-11-24
Halkara bitaraplyk güni her ýyl 12-nji dekabrda bellenip geçilýär, bu baýram 12-nji dekabrda bitaraplyk derejesiniň ýyllygyny belleýän Türkmenistanyň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döredildi. Halkara Bitaraplyk güni ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli we dostlukly gatnaşyklara, dünýädäki iri çaknyşyklaryň öňüni almaga we dartgynly ýagdaýlary basmaga çagyryşdyr.
Bitarap ýurduň borçlary we hukuklary 1907-nji ýyldaky Gaaga konwensiýasynda kesgitlenendir. Halkara hukugynda beýleki ýurtlar bilen ýa-da olaryň arasynda uruşlara gatnaşmakdan saklanýan we uruşýan taraplara bitarap garaýan özygtyýarly döwlet bitarap ýurt hökmünde kesgitlenýär. Uruşýanlar hem öz gezeginde bu bitaraplyga hormat goýmalydyrlar.
Türkmenistan ýaly hemişelik Bitaraplyk ýagdaýynda bolan ýurt geljekki uruşlarda hem şeýle galar. 1815-nji ýylda hemişelik bitaraplyk derejesini yglan eden ilkinji ýurt Şweýsariýa boldy we netijede ençeme ýyl bäri müňlerçe bosgun bu ýurtda özlerine gaçybatalga tapdy. Emma Türkmenistan BMG tarapyndan bitarap diýlip ykrar edilen ýeke-täk döwletdir.
Bitaraplyk – türkmen döwletliliginiň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelmeginiň we kämilleşmeginiň taryhy tejribesiniň netijesidir. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy hökmünde saýlap alan bitaraplygy halkymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýaly gadymy ýörelgelerinden gözbaş alýar. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasy strategiýasy milli bähbitler bilen bir hatarda, bütindünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlaryna hem laýyk gelýän giň gerimli hyzmatdaşlyga gönükdirilendir.
Resulbek Paltaýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.