BAGTLY DÖWRÜŇ BAGTLY ÝAŞLARY

03-11-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi berkitmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ýetirmek, giň gözýetimli, durmuşa ukyply, zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary üçin ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir» diýip, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýurdumyzda Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň ýokary derejede alnyp barylmagy, ýaş nesil hakdaky aladanyň döwlet derejesinde üns merkezinde saklanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu işleriň alnyp barylmagynyň esasy maksady ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmakdan hem-de ýaşlara döredilýän mümkinçilikleriň gerimini giňeltmekden, döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösüşine ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda hormatly Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan sagdyn, giň gözýetimli, durmuşa ukyply bolup ýetişmekleri üçin zerur şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýäris» diýip belläp geçýär.

Hakykatdan hem, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap okamagy, ylym-bilim almagy, hünär öwrenmegi, iş bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bilim ojaklarynda dünýäniň ylmy-innowasion, ruhy-medeni ugurlar babatdaky öňdebaryjy tejribeleri giňden öwrenilýär we ösen talaplara laýyklykda, okuw maksatnamalary işlenilip düzülýär, bu ulgama bilim bermegiň täze tehnologiýalary, okuw tehniki enjamlary ornaşdyrylýar. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okuw-önümçilik işinde birnäçe ýeňillikleri döredip, işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audio ýazgylar ýaşlara has giň möçberdäki maglumaty kabul etmäge hem peýdalanmaga, şunlukda, dünýä ösüşi bilen deň gadam urmaga ýardam edýär.

Döwrebap pikirlenip bilýän, taslamalar babatda täze, özboluşly, täsirli garaýyşlary öňe sürýän ýaş zehinler medeni ösüşi gazanmakda möhüm wezipäni ýerine ýetirýärler. Şundan ugur alnyp, ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy-medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak, olarda medeni gymmatlyklara, ata Watanymyza, zähmete, ylym-bilime söýgini artdyrmak üçin hem zerur şertler döredilýär. Ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orun eýelemeklerinde, medeni-köpçülikleýin çärelere, döredijilik bäsleşiklerine, sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşmaklarynda, saýlap alan hünärleri boýunça kämilleşmeklerinde ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti örän uludyr.

Ylym-bilimli, kämil hünär başarnyklaryny ele alan, sagdyn bedenli ýaşlar ýurdumyzyň geljegidir. Soňky ýyllarda üstünlikli amala aşyrylýan ýaşlar syýasaty hem geljegiň berk binýadyny goýmakda iň uly başlangyç bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda galkynan Diýarymyzyň ýaş nesilleri bu günki günde diňe bir Watanymyzyň çäklerinde däl, eýsem, halkara giňişlikde-de uly-uly üstünliklere eýe bolýarlar. Bularyň ählisi bolsa Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek bilen baglanyşykly yzygiderli alyp barýan işleriniň ajaýyp miwesidir.

Biz bilim işgärleri üçin şunuň ýaly uly mümkinçilikleri döredip berýän halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk hem arşa götermek, watansöýüji, ukyp-başarnykly ýaş nesilleri kemala getirmek ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän halkymyzyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Menzil NURMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň öwreniji mugallymy.​​​​​​

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.