Sport ulgamy döwrebaplaşýar

06-01-26

Garaşsyzlyk ýyllary içinde güneşli Diýarymyz diňe bir bilim, medeniýet, syýasy-ykdysady ugurlardan tanalman, sport äleminde-de ýaşyl Tugumyzy belentde parladýandygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda ýurdumyzda sporta uly goldaw berilýär. Şeýlelikde, bedenterbiýe we sport hereketine ýokary netijeli berilýän döwlet goldawynyň çäklerinde milli kanunçylygymyzyň yzygiderli ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi, milli maksatnamalaryň kabul edilmegi ata Watanymyzyň sport äleminde dünýäniň iň ösen döwletleriniň hatarynda durmagyna mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň düzüminde Halkara sport hyzmatdaşlyk bölümi, Türkmenistanyň «Sport» teleýaýlymy, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi döredildi. Halkara sport hyzmatdaşlygynyň ulgamynda amala aşyrylan bu tutumlar sportuň we ýaşlar syýasatynyň wagyz edilmegini täze derejä çykardy.

Soňky ýyllarda sport ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijesinde, ýurdumyzyň ýaşlary sebit we dünýä derejesinde geçirilýän ýaryşlarda yzygiderli çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny mynasyp goraýarlar. Ata Watanymyzda sportuň we bedenterbiýäniň ösen milli ulgamyny döretmek, ildeşlerimiziň fiziki we ruhy taýdan kämil bolup ýetişmeklerini gazanmak boýunça alnyp barylýan işler döwlet syýasatymyzyň özenini düzýär. Bu ugurda kabul edilýän Maksatnamalar we Türkmenistanyň Kanunlary sport diplomatiýasynyň mizemez hukuk binýadydyr.

Bu günki gün ýurdumyzyň türgenleriniň iri sport ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanmaklary üçin ähli şertler döredilip, dünýä standartlaryna laýyk gelýän sport toplumlary we desgalary gurlup, yzygiderli ulanylmaga berilýär. Şol toplumlarda, sport desgalarynda netijeli türgenleşmek, türgenleriň sport ussatlygyny kämilleşdirmek üçin ähli oňyn şertler döredilendir. Bu bolsa ýaşlarymyzyň gazanýan netijelerinde hem aýdyň görünýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk köpçüliginiň ünsüni sagdyn durmuş ýörelgesine giňden gönükdirilip, köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Soňky ýyllarda ata Watanymyz Türkmenistan milli we halkara sportunyň, hususan-da, welosiped sportuň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýan ýurda öwrüldi. Ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän uly ähmiýete eýeligi,  beden taýdan taplanmaga ýardam berýänligi, ekologik howpsuzlygyny üpjün etmäge uly goşant goşýanlygy bilen watandaşlarymyzyň ünsüni özüne çekýär. Şu nukdaýnazardan watandaşlarymyzyň durmuşynda aýratyn orun eýelän welosport täze badalga alan döwrümiziň baş nyşanyna öwrülmeginiň-de ýöne ýere däldigine aýdyň göz ýetirýäris.

Mälim bolşy ýaly, welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Beýleki ulag serişdelerine garanyňda, ony dolandyrmak hem aňsat. Welosiped sporty bolsa sportuň ekologik taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolmak bilen, ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär.

Şeýle-de, bedenterbiýe we sportuň ösüşine kuwwatly itergi beren hem-de ony hil taýdan täze belentlige çykaran, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak babatda durmuşa geçirilýän işler öz miwesini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyz gün-günden ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlar bilen öňe barýar.

Umumadamzadyň ýagty we nurana geljeginiň hatyrasyna watansöýüjiligiň ynsanperwerligiň, dostanalygyň belent nusgasyny görkezip, ajaýyp başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! 

Merdan GYZYLOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.