PAÝHASA ÝUGRULAN NUSGALYK GOLLANMA
15-12-25
Türkmen topragynyň baý we şöhratly taryhyny dünýä ýaýmak baradaky tagallalaryň ähmiýetini il-ulsumyza düşündirmek asylly ýörelgämiz bolup durýar. Türkmen halkynyň özüne mahsus taryhy, medeniýeti, adamzat medeniýetine goşan goşandy - maddy we maddy däl gymmatlygy bar. Hormatly Prezidentimiz jöwher paýhasyndan dörän “Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda halkymyzyň şöhratly taryhyny pähim-parasat bilen beýan edýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly ajaýyp kitaby halkymyza sowgat bermegi göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Täze kitaby okap, şöhratly taryhymyza bolan buýsanjymyz has-da artdy. Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmakda başyny başlan işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam edýändiginiň güwäsi boldy.
Bu ajaýyp kitapda edebiýatçylar üçin hem, taryhçylar üçin hem, umuman, her birimiz üçin gymmatly maglumatlar bar. Dünýä alymlarynyň Änewiň taryhy bilen gyzyklanyp gelendigi, düýpli ylmy açyşlary edendigi aýdyňlyk bilen beýan edilýär. Bu bolsa gadymy topragyň dünýäde uly gyzyklanma döredýändigini hem-de öwrenilmäge mynasypdygyny subut edýär. Munuň şeýledigini häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni döwlet goraghanalary aýdyňlygy bilen görkezýär. Şol goraghanalaryň birnäçesiniň dünýä taryhynda uly yz goýandygyny, şeýle-de olardaky ýadygärlikleri öwrenmek, goramak, rejelemek babatda guwandyryjy işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn nygtamak bolar.
Hormatly Prezidentimiziň “Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda ekerançylygyň dörän ýeri, ak bugdaýyň mekany hökmünde tanalýan Änew şäheriniň şöhratly taryhy beýan edilýär. Gadymy medeni ojagyň merkezi hasaplanýan Änew şäheri baý taryhy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiz täze kitapda: “Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekip bilýär” diýip belleýär. Ajaýyp kitapda taryhda rysgal-bereketli türkmen topragynyň uly ösüşleri başdan geçirendigi aýdylýar.
Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän kitabynda türkmen halkynyň medeniýetiniň, şöhratly taryhynyň, nusgawy edebiýatynyň sahypalary hakynda giňişleýin beýan edilýär. Geçmişimizi, türkmen topragynda bolup geçen taryhy wakalary öwrenmegiň, şol taryhy wakalary ösüp gelýän ýaş nesle düşündirmegiň ähmiýeti juda uly. Şol sebäpli “Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly ajaýyp kitap ýurdumyzyň her bir raýatynyň ýakyn gollanmasyna öwrüldi. Bu kitap türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda beýik medeniýeti döreden, tebigat bilen sazlaşykly ýaşan we ekerançylygy ösdürip gelen halkdygyny gyzykly maglumatlar esasynda açyp görkezýär. Täze taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyz bagy-bossanlyga öwrülýär, ýurdumyzyň ekerançylygy ylmy esasda ösdürilýär.
Kitapda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlaryň, arheologlaryň bu gadymy medeni ojakda gazuw-agtaryş işlerini geçirip, birnäçe açyşlary edendigi bellenýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyza olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, gazuw-agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser edipdir. Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby taryhymyzy öwrenmekde, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanmadyr. Çünki täze kitap şöhratly taryhymyza, milli medeniýetimize bolan buýsançdyr. Bu kitap halkymyzyň taryhy ýoluna dogry baha bermäge, milli medeniýetiniň özboluşlylygy, döreden däp-dessurlary we durmuş ulgamy bilen tanyşmaga, gadymy türkmen halkynyň dünýäniň ylmy we medeni ösüşine goşan goşandyna has aýdyňlygy bilen göz ýetirmäge uly mümkinçilikler döredýär.
Şöhratly taryhymyzy dünýä tanatmakda giň gerimli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Gunça MÄMMETDURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmanÇylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.