Ýaşlara uly ynamyň döwri
02-04-22

Turuwbaşdan şöhratly günleri peşgeş beren «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň ajaýyp bahar pasly ýurdumyza hakyky ýaz ýakymy bilen geldi. Şeýle günlerde ýurdumyzda uly jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de onuň esasynda hormatly Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň döwlet Baştutanynyň wezipesine saýlanylmagy döwletimizde demokratiýanyň giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subudy boldy.
Hormatly Prezidentimiziň ählihalk ses bermegiň jemleri boýunça gazanan ynamly ýeňşi döwletimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegine, raýatlaryň abadançylygynyň hem-de ýurdumyzyň halkara derejede abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasyna bildirilen ýokary ynamyň we goldawyň subutnamasydyr. Arkadagly Serdarymyzyň ata Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri üçin kesgitlenen milli strategiýanyň belent maksatlaryny hem-de wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirip, durnukly ösüşiň ýoly bilen ýurdumyzy okgunly öňe alyp gitjekdigine edilen beýik ynamdyr.
19-njy martda Ruhyýet köşgünde geçirilen döwlet Baştutanymyzyň wezipesine girişmek dabarasy döwrümiziň şanly wakasyna öwrüldi. Arkadagly Serdarymyz bu dabarada sözlän sözünde: «Men özüme bildirilen örän uly ynama ýokary baha berýärin. Bu ynamyň diňe özüme däl-de, eýsem, bilimli-terbiýeli, iň öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ähli türkmen ýaşlaryna hem bildirilen ynamdygyna düşünýärin» diýip, aýratyn bellemegi bagtyýar ýaşlarymyzyň başyny göge ýetirdi.
Döwletimizde taryhy ähmiýete eýe bolan syýasy-jemgyýetçilik wakalaryň halkymyzyň agzybirliginde geçirilmeginiň özboluşly manysy, ilkinji nobatda, halkymyzyň milli häsiýetinde, jemgyýetimiziň her bir agzasynyň ertirki gününe bolan uly jogapkärçiliginde hem-de geljege bolan berk ynamynda jemlenýär. Şunda, hususan-da, döwlet berkararlygyny gözüniň göreji ýaly görýän ýaşlara, ertirki Watan eýelerine aýratyn ornuň degişlidigi bolsa buýsanmaga mynasyp hakykatdyr.
Döwletimiziň ýaşlaryň bähbitlerini goramakdaky durmuşa geçirýän işleriniň Milletler Bileleşiginiň ileri tutýan 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň mazmunyndan çaganyň we ýaşlaryň erkin ösmegine gönükdirilen wezipeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyny bellemek gerek. Resminamada berkidilen ýaşlaryň ýokary hilli bilime we zähmete bolan elýeterlilik, isleg bildirýän hünärlerini we kärlerini saýlap almagy, deňlik we daşky gurşawyň goragy ýaly wezipeleriň ýaş nesillere gönükdirilmegi, olaryň adam serişdesi hökmünde döwrebap ösüşi üpjün etmekdäki wajyp ornunyň ählumumy ileri tutulýandygyny tassyklaýar.
Milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi boýunça maksatnamalaýyn wezipeleriň durmuşa ornaşdyrylmagy hem döwrüň ylmy gazananlaryndan, sanly elektron ulgamlaryndan, dünýä dillerinden baş çykarýan giň dünýägaraýyşly, sowatly ýaşlaryň, hünärmenleriň kämillik derejesi bilen ölçenilýär. Esasy Kanunymyzyň 40-njy maddasynda berkidilen: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýen kadadan gözbaş alýan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň hemişe döwletimiziň üns merkezindedigini, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli zerur syýasy-hukuk, maddy-üpjünçilik şertleriniň döredilendigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýaşlara bildirilýän uly ynamyň döwrüdir. Biz geljekde hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň ynamyny ödemegi mukaddes borç hasaplap, ýurdumyzyň ösüş-özgerişleri üçin yhlasymyzy gaýgyrmarys.
Ýurdumyzyň ýaşlaryny çyn ýürekden söýýän, olaryň üstünliklerine guwanýan hem-de olar üçin iň gowy mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz bimöçberdir.
Atabeg BABAMURADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.