Sport — biziň hemramyz
19-06-25

Halkyň saglygynyň döwletiň baýlygyna deňelýän ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň binýady berkidilýär, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu babatdaky döwlet syýasatynyň esasy maksady sagdyn durmuş ýörelgelerini her bir ynsanyň, tutuş jemgyýetiň ýaşaýyş kadalaryna ornaşdyrmaga gönükdirilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, täze taryhy döwürde jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan dürli baýramçylyklaryň, medeni-köpçülik çäreleriniň sport ýaryşlary, köpçülikleýin ýörişler bilen utgaşdyrylmagy, şeýle hem oňa bagtyýar raýatlarymyzyň uly höwes bilen gatnaşmaklary sport, Olimpiýa hereketiniň halkymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülýändigini, oňa eýerýänleriň sanynyň barha artýanlygyny alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan parahatçylygyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň dabaralanýan ýurduna öwrüldi. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäde halkara derejesinde geçirilýän çempionatlaryň, sport ýaryşlarynyň ýurdy hökmünde şöhratlanýar. Merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw-umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda sagdyn durmuşda, sagdyn jemgyýetde amala aşdy.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetimize adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak işine uly ähmiýet berip, ony döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Ruhy sagdynlyk we beden saglygy aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmeniň gadymdan dowam edýän milli däp-dessurlary, edim-gylymlary hem şu ýörelgeden gözbaş alýar. Sport — ruhubelentlik, sport — sagdynlyk, sport — dünýä halklaryny ýakynlaşdyrýan we dostlaşdyrýan, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrýan jemgyýetiň sagdyn ruhy ýörelgesidir. Halkymyz bu gün sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýdyň ýolundan bagtyýar geljege tarap ynamly gadamlar bilen öňe barýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy esasynda sagdyn ýaşaýyş-durmuş şertlerini jemgyýete ornaşdyrmakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmäge saldamly goşant goşmakda ýurtda netijeli işler alnyp barylýar. Muňa gurlup ulanmaga berlen ençeme bedenterbiýe we saglyk binalaryny, döwrebap sport we saglyk toplumlaryny mysal görkezmek bolar. Ýurdumyzda ylymda, bilimde, medeniýetde, sungatda we beýleki ugurlarda birnäçe il bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işler amala aşyrylýar, etraplardyr şäherlerimiziň sport mekdeplerinde dürli çäreler, ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Sport bilen meşgullanyp, ýaryşlara gatnaşýan her bir türgen özünde uly ruhubelentligi terbiýeleýär. Bu çäreleriň esasy maksady hem ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn durmuş ýörelgesini dogry alyp barmagyndan, üstünlik gazanmagyndan ybaratdyr.
Häzirki wagtda Türkmenistan iri halkara ýaryşlaryň, çempionatlaryň yzygiderli geçirilýän ýurdy bolmak bilen sportuň parahatçylygy, abadançylygy we birek-birege ynanyşmagy öňe sürýän ýörelgelerini bütin dünýäde dabaralandyrýar. Bu babatda Garaşsyz döwletimiz sportuň rowaçlanýan, olimpiýa hereketiniň we halkara hyzmatdaşlygynda parahatçylygyň, hoşniýetliligiň ileri tutulýan ýurdy hökmünde dünýä derejesinde özüni ykrar etdirdi. Geçen ýylyň ahyrynda gözel paýtagtymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň uly ruhubelentlige, ýokary guramaçylyga beslenip geçirilmegi ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has hem belende göterdi. Aşgabat şäherinde geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşy bagtyýar halkymyzyň, dünýä jemgyýetçiliginiň hem-de sport janköýerleriniň uly hoşallygyna eýe boldy. Halkara derejeli ýaryşlaryň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi jemgyýetimizde sport işjeňligini, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigine aýdyň güwä geçýär. Türkmenistanyň 2023 – 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanmagy hem parahatçylygyň ilçisi hasaplanylýan sportuň we olimpiýa hereketiniň ösdürilmeginde berkarar döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlara, durmuşa geçirilýän ägirt uly işlere uly ähmiýet berilýändiginiň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň birnäçesi kabul edildi. Şolar esasynda hem türkmen sportunyň abraýyny belende galdyrjak ýaş türgenleriň ýüze çykmagy ugrunda ençeme işler alnyp barylýar. Biz hem etrabymyzda bu barada wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirip durýarys. Şol çärelerde sportuň adama sagdynlyk hem ruhubelentlik bagyşlaýandygy, öz güýjüňe hem başarnygyňa ynamy artdyrýandygy, umuman, sporty hemra edinmekligiň durmuşyňy gözelleşdirýändigi barada giňişleýin gürrüň edilýär. Ýylyň dört paslynda sport bilen meşgullanmak üçin Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ähli şert-mümkinçilikleriň döredilendigi aýratyn buýsanç bilen nygtalýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz maddy we ruhy özgerişlerde täze belentliklere göterilip, bolelin durmuşda ýaşaýar. Berkarar Watanyň bagtly geljeginden ruhlanyp, täze döwrüň, bagtyýarlyk zamanasynyň ajaýyp üstünliklerinden rowaçlanyp, döwletimiz bagta gujak açýan ak ýollaryndan şanly geljegine tarap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi barada uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Şöhrat HUDAÝBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiya kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.