ÇAGA TERBIÝESI MUKADDESDIR

25-07-26

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahat ýaşaýşyň hözirini görýän türkmen halkymyz ýurdumyzyň geljekgi eýeleri bolan ýaş nesillerimize, olaryň edep-terbiýesine uly üns berip, bu babatda çäksiz uly işler amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalary esasynda ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek, olaryň saglygyny goramak maksady bilen, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap çagalar baglary, okuw mekdepleri, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Okuw-terbiýeçilik edaralary ösen ylmy-innowasion tehnologiýalar, interaktiw-multimediýa enjamlary, kompýuterler bilen doly üpjün edilýär. Bu bolsa biziň röwşen geljegimiz bolan bagtyýar nesillerimize tälim-terbiýe bermegiň netijeliligini artdyryp, olaryň kämil tehnologiýalary ele almaklaryna we ylym, bilim, hünär öwrenmeklerine giň ýol açýar.

Çünki çaga maşgalanyň dowamaty hem-de berkleşdiriji güýçdür, bagtyýar çagalar bilen her bir ojak şatlyk-gülki bilen beslenýär. Maşgala döwletiň kiçijik bir bölegi bolup nesliň dowamat bolýan, däp-dessurlarynyň berjaý edilýän ýeridir. Her bir bagtyýar maşgalada çaganyň dogulmagy iň şatlykly pursatlaryň biridir.

Ene ençeme çaganyň arasynda öz bäbeginiň agy sesini seljerip bilýär, göwsüniň syzlamasyndan ukuda ýatan çagasynyň naharlanmak isleýändigini duýýar. Çaganyň sähelçe hereketine süýji ukuda ýatan ene oýanýar. Çaga onlarça enäniň arasyndan öz ejesiniň sesini tanap, diňe şonuň sesine agysyny kesýär, diňe şonuň uzadan eline imrinýär. Çüňki öz ejesiniň mähriniň, süýdüniň, söýgüsiniň ornuny başga hiç bir zadyň tutup bilmejekdigine gowy düşünýär.

Ata-enelerimiz çagalarmyzyň ilkinji terbiýe mekdebi bolup durýar. Şu ýerde şeýle tymsaly mysal getiresim gelýär: “Orta mekdebiň iň sylagly mugallymlarynyň biri ýetmiş alty ýaşyny doldurmagy mynasybetli okuwçysy mugallymyň öýüne barypdyr. Okuwçysy bilen bakjaly gülzarlykda gyzykly gürrüňleri edip duran mugallymyň ýanyna goňşusy gelip, şu bakjadaky gülleriň üstünde çagalaryň wagtal-wagtal gelip top oýnaýandygyny aýdypdyr.

Beýle ýagdaýda saňa gül ýetişdirmek kyn düşäýmese ýagşydyr-diýip, ol güllere nebsagyryjylyk bilen nazar aýlapdyr. Sesini çykarmany diňläp duran parasatly mugallym biraz oýlanyp, “Zyýany ýok, goňşy. Goý depgilesinler. Meniň pikirimçe, çaga ýetişdirmek gül ýetişdirmekden has möhüm diýip jogap beripdir”. Çaga terbiýesinde biziň mähriban enelerimiziň orny örän uludyr. Mähriban enelerimiz öz çagalaryny mähir, söýgi, alada bilen gurşap alyp, olara gundagdan başlap süýji arzuwlaryny şirin hüwdülerde uly umyt, ýagşy niýet bilen aýdýarlar, hüwdüniň ýakymly owazy, äheňi, many-mazmuny, gurluş aýratynlygy aýratyn mukaddes, gaýtalanmajak sungatdyr.

Dünýäniň iň meşhur bagşylarydyr aýdymçylarynyň hem hiç biri ussatlykda ene hüwdisiniň derejesine ýetip bilmedik bolsalar gerek. Meşhur Agajan bagşynyň ejesi çagasyny hüwdülän mahaly Marydan Hywa barýan kerwenler ýük ýazdyryp, uzak wagtlap bu owazy diňlär ekenler. Çaga ynsanyň bagtly durmuşymyzyň gözbaşydyr, maşgala diregi hem galasydyr, söýenjidir, güýji hem kuwwatydyr, parahat ýaşaýşyň manysydyr, şu günümiziň daýanjy ertirimiziň geljegidir. Ene-ata perzendini dünýä getirip, onuň bagtly günlerine guwanyp gezýär.

Çagalaryň ezizligi, olaryň mähirliligi hiç wagt unudylyp bolmajak duýgudyr. Ak guş kimin päk ýürekli çagalar durmuşyň güli, bezegi. Çaganyň terbiýesi, bilimi, onuň hukuklaryny goramak maşgalanyň we döwletiň paýyna düşýär. Çaganyň sagdyn ösmegi, gowy ýaşamagy, okap bilim almagy üçin has oňat şertleri döretmek halkara derejesindäki meselä öwrüldi.

Arkadagly Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedow täze taryhy eýýamda täzeçil usullardan baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly hem-de häzirki zaman ylmyna, oňyn pikirlenmelere ygrarly ýaş nesilleriň ýetişmegi bilen baglanyşykly meselelere Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli içeri we daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýet berilýändigi barada nygtap geçmegi nesil terbiýesiniň güneşli Diýarymyzda ýokary derejede goýulýandygyny alamatlandyrýar. Olaryň ilki bilen çagalar bagynda, soň bolsa mekdepde, ýörite we ýokary okuw mekdepde terbiýelenmegi şertdir.

Belent mertebeli döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan düýpli özgertmeleri netijesinde ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde olary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil nesiller edip ýetişdirmekde tutumly işler alnyp barylýar. Biz hem okuw-terbiýeçilik işimizde ösüp gelýän ýaş nesle bilim terbiýe bermek, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan bilim özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmakda janaýaman zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Göwher NURMUHAMEDOWA,
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň 1-nji çagalar bakja bagynyn̈ müdiri.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.