SAGDYN BEDENDE – SAGDYN RUH
17-04-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýratyn aladalary netijesinde ilatyň saglygyny goramak meseleleri döwlet hem-de şahsy häsiýetli ileri tutulýan derejelere geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň hemme taraplaryny we ugurlaryny gurşap alýar. Röwşen ertirimiz üçin irginsiz zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de zyýanly endikleri ulanmagyň öňüni almaga gönükdirlen toplumlaýyn çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar geljegini gurmakdan, ösüp gelýän ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgelerine eýertmek bilen, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegini üpjün etmekden ybaratdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak meselesine aýratyn ähmiýet berlip, ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry saýylýar. Milli saglyk ulgamynda gazanylýan uly özgertmeler Hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygy baradaky beýik hakykatyň güwäsi bolup durýar. Ýurdumyzda “Saglyk” döwlet Maksatnamasyndan ugur alyp, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek üçin innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan halkara merkezleri açylyp ulanylmaga berilýär. Halkymyzyň beden we ruhy sagdynlyk baradaky ýörelgeleri ileri tutulyp, adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary üçin ähli amatlyklar döredilýär.
Bu günki gün, ýagny täze eýýamda, galyberse-de,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli baýlyk hökmünde adamyň, jemgyýetiň, halkyň saglygyny gorap saklamak meseleleri ilkinji orna çykaryldy. Sagdyn jemgyýet - bu ruhubelent we maksada okgunly adamlaryň jemgyýeti bolup, olar umumymilli maksatlaryň daşynda jebisleşýär, ol ýurtda durnukly durmuş-syýasy ýagdaý hem-de durnukly ösüş, raýat we demokratik kämilligi bolup durýar. “Sagdyn bedende - sagdyn ruh” diýilýär. Ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär.
Sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrýan dabaralar ýaş nesliň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlaryny ilkinjiler bolup goldaýandyklaryny ýene bir ýola subut etdi. Sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek şu günümiziň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan ýaşlarymyz bu günki gün Watanymyzda we halkara derejesinde geçirilýän sport bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýaşyl Tugumyzy al asmanda parladýarlar. Ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri bolsa bizi çäksiz buýsandyrýar.
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegi, azyk ulgamynyň düzüminiň we görnüşleriniň gowulandyrylmagy, arassaçylyk-ekologiýa kadalarynyň üpjün edilmegi, adamlaryň zähmet çekmek, durmuş hem-de dynç alyş şertleriniň gowulandyrylmagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň ählisi, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Munuň üçin her birimiziň kalbymyzda Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlarymyz çäksizdir. Halkymyzyň saglygyny goramak, sporty ösdürmek ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzda sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi, raýatlarymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Miwe AGYŞOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.