TÄZE ÝYL BAŞ ARÇASY ÝÜREKLERE NUR ÇAÝDY
22-12-24

Ýene sanlyja günlerden halkymyzyň durmuşynda uly öňegidişliklere beslenen 2024-nji – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly tamamlanar. Bu ýyl şatlykly hem buýsançly wakalara baý ýyl hökmünde taryha girer. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu ajaýyp baýramçylyga uly-kiçi sabyrsyzlyk bilen garaşyp, uly taýýarlyk görýärler. Täze ýyl baýramçylygyny her kim öz öýünde toý saçagynyň başynda şadyýanlyk, agzybirlik, bagtyýarlyk bilen garşylamagy niýet edinýärler. Şu ýylyň 15-nji dekabrynda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasynyň geçirilmegi bolsa bu baýramçylygyň badalgasy hökmünde ýüreklere nur çaýdy. Bu dabara, adatça, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär.
Ýola goýlan däbe görä, paýtagtymyzda Köpetdagyň etekleriniň täsin tebigy künjekleriniň birinde ýerleşen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdança dabaralaryň merkezine öwrüldi. Bu ýerde iň owadan belent arça oturdylyp, ertekiler şäherjigi giňden ýaýbaňlandyryldy. Dürli öwüşgin saçýan şarlardyr çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen lybasa beslenen Baş arçanyň töweregine müňlerçe ýaşlar we ulular ýygnandylar. Çünki hut şu ýerden çagalar üçin täsin başdan geçirmeleriň we açyşlaryň jadylaýjy güýji gözbaş alýar. Bu ýerde Aýazbabanyň we onuň wepaly hemrasy Garpamygyň jadyly taýajyklary arkaly körpeleriň ajaýyp arzuwlary, islegleri amala aşýar.
“2025” ýazgy bilen bezelen Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir. Köp dürli oýnawaçlardan we yşyklandyryjylaryň dürli görnüşlerinden bezegi ýeten bu ajaýyp arçanyň ýerleşýän ýeri paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin iň owadan we özüne çekiji gözel ýerleriň birine öwrüler. Ýurdumyzyň Baş arçasynda yşyklaryň ýakylmagy ertekilerdäki täsinlikler baradaky düşünjelere beslenen dabaradyr, şoňa görä-de, ol baýramçylygyň guramaçylaryndan aýratyn döredijilikli çemeleşmäni talap edýär. Her ýyl Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk üçin geçilmeli täze ýörite ugur we medeni maksatnama täzelenýär. Şu ýyl ony döredijiler ýaş tomaşaçylar üçin özüne çekiji dynç alyş çykyşyny taýýarlapdyrlar.
Soňra Aýazbaba, Garpamyk, olaryň ýoldaşlary “Akhan” binasyna we Arkadag şäheriniň baş arçasy oturdylan meýdança tarap ugraýarlar. Bu ýerde olary Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň artistleri öz baýramçylyk çykyşlary bilen garşylaýarlar. Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň talyplarydyr okuwçylary hem myhmanlar üçin döredijilik sowgatlaryny taýýarlapdyrlar. Ýolugruna Arkadag şäheriniň ajaýyp binalary bilen tanşan Aýazbaba we onuň dostlary her desganyň ýanynda bagtyýarlyk baradaky arzuwlar bilen garşylanyldy. Soňra olaryň ýoly paýtagtymyz Aşgabat şäherine tarap ugur aldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaş raýatlary, olaryň saglygy, bilim almagy, sazlaşykly ösüşi, watançylyk terbiýesi baradaky aladalar ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň hatarynda durýar. Şol wezipeleriň berjaý edilmegine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýratyn üns berýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýasyna hem-de BMG-niň eneligi we çagalygy goramaga gönükdirilen birnäçe beýleki möhüm resminamalaryna goşulmak bilen, Türkmenistan öz üstüne alan ähli borçnamalaryna ygrarlydygyny dünýä jemgyýetçiligine yzygiderli görkezýär.
Ýaş türkmenistanlylaryň adyndan Aýazbaba hem-de agtygy Garpamyk hormatly Prezidentimize we mähriban halkymyza ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollap, bagtyýarlyk, saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine ösüşlere beslenen özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde uly üstünlikleri arzuw edýärler. Bu ýere jemlenen çagalaryň islegi we Aýazbabanyň jadyly taýagynyň täsiri bilen owadan arçanyň yşyklarynyň nur saçmagy Täze ýyl baýramçylygynyň şatlykly pursatlarynyň esasy wakasyna öwrüldi. Çagalaryň bagtyýar, joşgunly sesleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Garaşsyz Watanymyzyň şu gününe we ertirine bolan ynamyň iň oňat subutnamasydyr. Dabaranyň barşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan çagalar ýatdan çykmajak wakadan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Paýtagtymyzdaky Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylmagynyň yzysüre welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň merkezlerindäki Täze ýyl arçalary hem öz yşyklaryny ýakdylar. Ertekileri ýada salýan bu ajaýyp baýramçylyk ulularyň we çagalaryň uzak wagtlap ýatlarynda galar. Tutuş ýurdumyz boýunça köp sanly tomaşaçylar hem owadan Täze ýyl dabarasynyň şaýady boldular. Pursatdan peýdalanyp, Täze ýyl baýramçylygy bilen Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de tutuş türkmen ilimizi tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys!
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ mugallymy.

IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.