TÄZE ÝYL ÝÜREKLERE NUR ÇAÝÝAR

16-12-25

Ýene sanlyja günlerden halkymyzyň durmuşynda uly öňegidişliklere beslenen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly tamamlanar. Bu ýyl şatlykly hem buýsançly wakalara baý ýyl hökmünde taryha girer. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu ajaýyp baýramçylyga uly-kiçi sabyrsyzlyk bilen garaşyp, uly taýýarlyk görýärler. Täze ýyl baýramçylygyny her kim öz öýünde toý saçagynyň başynda şadyýanlyk, agzybirlik, bagtyýarlyk bilen garşylamagy niýet edinýärler. 

Ýola goýlan däbe görä, paýtagtymyzda Köpetdagyň etekleriniň täsin tebigy künjekleriniň birinde ýerleşen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdança dabaralaryň merkezine öwrüldi. Bu ýerde iň owadan belent arça oturdylyp, ertekiler şäherjigi giňden ýaýbaňlandyryldy. Dürli öwüşgin saçýan şarlardyr çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen lybasa beslenen Baş arçanyň töweregine müňlerçe ýaşlar we ulular ýygnandylar. Çünki hut şu ýerden çagalar üçin täsin başdan geçirmeleriň we açyşlaryň jadylaýjy güýji gözbaş alýar. Bu ýerde Aýazbabanyň we onuň wepaly hemrasy Garpamygyň jadyly taýajyklary arkaly körpeleriň ajaýyp arzuwlary, islegleri amala aşýar.

Köp dürli oýnawaçlardan we yşyklandyryjylaryň dürli görnüşlerinden bezegi ýeten “2026” ýazgy bilen bezelen Baş arçanyň ýerleşýän ýeri paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin iň owadan we özüne çekiji gözel ýerleriň birine öwrüler. Ýurdumyzyň Baş arçasynda yşyklaryň ýakylmagy ertekilerdäki täsinlikler baradaky düşünjelere beslenen dabaradyr, şoňa görä-de, ol baýramçylygyň guramaçylaryndan aýratyn döredijilikli çemeleşmäni talap edýär. Her ýyl Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk üçin geçilmeli täze ýörite ugur we medeni maksatnama täzelenýär. Şu ýyl ony döredijiler ýaş tomaşaçylar üçin özüne çekiji dynç alyş çykyşyny taýýarlapdyrlar.

Soňra Aýazbaba, Garpamyk, olaryň ýoldaşlary “Akhan” binasyna we Arkadag şäheriniň baş arçasy oturdylan meýdança tarap ugraýarlar. Bu ýerde olary Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň artistleri öz baýramçylyk çykyşlary bilen garşylaýarlar. Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň talyplarydyr okuwçylary hem myhmanlar üçin döredijilik sowgatlaryny taýýarlapdyrlar. Ýolugruna Arkadag şäheriniň ajaýyp binalary bilen tanşan Aýazbaba we onuň dostlary her desganyň ýanynda bagtyýarlyk baradaky arzuwlar bilen garşylanyldy. Soňra olaryň ýoly paýtagtymyz Aşgabat şäherine tarap ugur aldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaş raýatlary, olaryň saglygy, bilim almagy, sazlaşykly ösüşi, watançylyk terbiýesi baradaky aladalar ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň hatarynda durýar. Şol wezipeleriň berjaý edilmegine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýratyn üns berýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýasyna hem-de BMG-niň eneligi we çagalygy goramaga gönükdirilen birnäçe beýleki möhüm resminamalaryna goşulmak bilen, Türkmenistan öz üstüne alan ähli borçnamalaryna ygrarlydygyny dünýä jemgyýetçiligine yzygiderli görkezýär.

Ýaş türkmenistanlylaryň adyndan Aýazbaba hem-de agtygy Garpamyk hormatly Prezidentimize we mähriban halkymyza ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollap, bagtyýarlyk, saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine ösüşlere beslenen özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde uly üstünlikleri arzuw edýärler. Bu ýere jemlenen çagalaryň islegi we Aýazbabanyň jadyly taýagynyň täsiri bilen owadan arçanyň yşyklarynyň nur saçmagy Täze ýyl baýramçylygynyň şatlykly pursatlarynyň esasy wakasyna öwrüldi. Çagalaryň bagtyýar, joşgunly sesleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Garaşsyz Watanymyzyň şu gününe we ertirine bolan ynamyň iň oňat subutnamasydyr. Dabaranyň barşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan çagalar ýatdan çykmajak wakadan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Paýtagtymyzdaky Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylmagynyň yzysüre welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň merkezlerindäki Täze ýyl arçalary hem öz yşyklaryny ýakdylar. Ertekileri ýada salýan bu ajaýyp baýramçylyk ulularyň we çagalaryň uzak wagtlap ýatlarynda galar. Tutuş ýurdumyz boýunça köp sanly tomaşaçylar hem owadan Täze ýyl dabarasynyň şaýady boldular. Pursatdan peýdalanyp, Täze ýyl baýramçylygy bilen Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de tutuş türkmen ilimizi tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys!

Orazbagt NURYLLAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.