«Hakyda göwheri» – geçmişe syýahat

22-02-25

Bilşimiz ýaly, ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby çapdan çykdy. Bu hoş habar halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly, halkymyzyň agzybirligi giňden beýan edilýär. Şeýle-de türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky gymmatly taryhy maglumatlara möhüm orun berlipdir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ata Watanyň, il-günüň hyzmatynda bolmak, ak ýürek bilen zähmet çekmek, birek-birege goldaw-hemaýat bermek, ýagşylyk etmek, kemally perzentleri terbiýeläp ýetişdirmek, ýaşula hormat goýup, ýaşkiçini sylamak ynsan ömrüni bezeýän asylly häsiýetlerdir. Gahryman Arkadagymyzyň baý durmuş we zähmet tejribesi, manyly ömri we zähmet ýoly biziň her birimiz üçin özboluşly durmuş mekdebidir. Täze eserde durmuşy özgertmegiň, eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmagyň geljekki ugurlary baradaky pikir-garaýyşlar öz beýanyny tapýar.

«Hakyda göwheri» atly täze kitapda öňe sürülýän belent pikirler, beýan edilýän wakalar hem, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň geçmiş taryhyna, hakydada orun alan ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza beýik söýgüsi hem aýdyň beýan edilýär.

Şeýle-de bu eseriň Halkara Bitaraplyk gününiň we Bitaraplygymyzyň şanly baýramynyň öň ýanynda halkymyza gowuşmagynyň uly manysy bardyr. Sebäbi bu kitapda türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan ägirt uly goşandy we dünýä taryhyndaky orny barada ylmy taýdan tassyklanan baý maglumatlar beýan edilýär. Türkmen we iňlis dillerinde çap edilen «Hakyda göwheri» atly kitap diňe bir gymmatly taryhy maglumatlaryň çeşmesi bolman, eýsem, häzirki eşretli zamanamyzyň bagtyýar günlerine buýsanjyň beýany bolup durýar.

Milli Liderimiziň täze kitaby türkmen halkynyň taryhyna has giňişleýin garamaga, milli özboluşlylygy, däp-dessurlary, durmuş ýörelgeleri bilen tanyşmaga, halkymyzyň dünýäniň ylmy, ykdysady, medeni ösüşine goşan saldamly goşandyna düşünmäge mümkinçilik berýär.

Kitabyň sahypalarynda Gahryman Arkadagymyz hakydada galan ajaýyp pursatlaryny biziň bilen paýlaşýar, täzeden şan berlen Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen geçmişe ýüzlenýär, nesil terbiýesi, bagtyýar geljegimiz baradaky oý-pikirlerini beýan edýär. Täze kitabyň neşir edilmegi mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris!

Ýazbibi BATYROWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.