«Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde
22-10-26
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda alym, lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler netijesinde ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary edilýär.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi saglygy goraýşyň esasy ugurlaryny kesgitlemek we degişli strategiýalary işläp düzmek hem-de ýerine ýetirmek; jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek; daşky gurşawyň arassalygyny gazanmak; ulgamyň guramaçylygyny, dolandyrylyşyny we maliýeleşdirilişini kämilleşdirmek; saglygy goraýşyň ilkinji halkasy bolan saglyk öýleriniň işini täzeden guramak; hassahana, şypahana hyzmatlaryny hil taýdan kämilleşdirmek; Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işini kadalaşdyrmak; derman senagatyny giňeltmek we halkara derejä çykarmak; degişli düzümleri öz kärine ussat hünärmenler, maglumatlar ulgamy bilen üpjün etmek; kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak ýaly möhüm wezipelere esaslanýar.
Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Hünär baýramy mynasybetli halkara serginiň we ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi, täze saglygy goraýyş desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi indi asylly däbe öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen paýtagtymyz Aşgabatda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezleriniň, şeýle hem meşhur “Arçman” şypahanasynyň täze binalar toplumynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi täze taryhy döwürde ynsan saglygyny goramaga aýratyn ähmiýet berilýändigini äşgär etdi.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Täze kitap saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynda ýurdumyzyň we dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi üçin sowgat boldy. Kitabyň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň we ösümlikleriň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär.
Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary türkmen tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem ýardam eder. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinip, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary, şeýle hem saklamagyň möhletleri baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Hormatly Arkadagymyzyň Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesi esasynda döreden “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly eseriniň nobatdaky jildi hem ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda ylym-bilim, ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan işleriň, durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli pugtalandyrylýar. Ulgamyň işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň bu ugurda birnäçe maksatnamalary tassyklamak, täze saglygy goraýyş edaralaryny döretmek we gurmak bilen bagly resminamalara gol çekmegi hem munuň aýdyň güwäsi boldy.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ynsanperwer işleriň giň gerimde alnyp barylýandygyny hem bellemek gerek. Gaznanyň hasabyna paýtagtymyzdaky Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda, Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dürli kesellerden ejir çekýän çagalara ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan operasiýalar üstünlikli ýerine ýetirilýär we bu işler netijeli dowam etdirilýär. Çagalaryň hirurgik bejergiden soňky ýagdaýlary kanagatlanarly bolup, olaryň her biri degişli hassahanalarda nobatdaky dikeldiş bejergilerini alýarlar hem-de az salymdan sagdyn çagalaryň toparyna goşulyşýarlar.
Halkyň saglygyny goramak babatda giň mümkinçilikleri döredip berýän we bu ugurda beýik işleri durmuşa geçirýän lukman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Serdar AGAMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby gigiýena, epidemiologiýa we toksikologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.